Iň täze habarlar

Türkmenistanyň onlaýn-dükanlary alyjylar üçin ýörite “Remezan sebetlerini” taýýarladylar

06.03.2025 | 10:45 |
 Türkmenistanyň onlaýn-dükanlary alyjylar üçin ýörite “Remezan sebetlerini” taýýarladylar

Türkmenistanyň onlaýn-dükanlary alyjylar üçin ýörite “Remezan sebetlerini” taýýarladylar. Olar mukaddes aýyň dowamynda agzy beklemek we agzyaçar üçin iýmit önümlerinden ybarat.

Bu “sebetler” miweleri we gök önümleri, dürli görnüşli ýarmalary we noýbalary, aş önümlerini, bugdaý ununy, şekeri we duzy, günebakar ýagyny, konserwirlenen iýmit önümlerini, şeýle hem kofe, çaýy, baly, hurmany, maýonezi, üwmeji we beýlekileri öz içine alýar.

Sebetler ölçegine we nyrhyna görä tapawutlanýar. Alyjy özi üçin zerur bolan iýmitlerden ybarat bolan sebedi saýlap biler.

Bu iýmit önümleriniň toplumlary agyz bekleýänler, şeýle hem gerekli iýmitleri alyp goýmakçy bolanlar üçin niýetlenendir.

ORIENT news

Foto: ritmeurasia.ru

Şeýle hem okaň: