Bilermenler Türkmenistanyň suw meselesi boýunça garaýyşlaryny Tokiodaky simpoziumda beýan etdiler
05.03.2025 | 16:45 |5-nji martda Tokio şäherinde Suw meseleleri we tebigy betbagtçylyklar boýunça halkara simpoziumy geçirildi. Simpoziumyň işine döwlet düzümleriniň, halkara guramalarynyň, hususy kompaniýalaryň we raýat jemgyýetiniň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Türkmen döwlet suw hojalyk ylmy-önümçilik we taslama instutytynyň wekilleri girdiler.
Çäräniň açylyş dabarasyna Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito gatnaşdy.
Günüň ikinji ýarymynda “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde suw meseleleri boýunça bilermenleriň duşuşygy geçirildi.
Ýurdumyzyň wekilleri öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara forumlarynyň belent münberlerinde öňe süren suw serişdelerini goramak we oýlanşykly peýdalanmak boýunça başlangyçlary barada gürrüň berdiler. Hususan-da, Merkezi Aziýada durnukly ösüşi gazanmak nukdaýnazaryndan suw serişdeleriniň ähmiýeti nygtaldy diýip, DIM-iň metbugat beýanatynda habar berilýär.
Merkezi Aziýadaky suw meselesi howanyň ählumumy üýtgemegi bilen baglylykda has möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy, şol sebäpden hem suw serişdelerinden aýawly we oýlanyşykly peýdalanmagyň zerurdygy nygtaldy. Bu nukdaýnazardan serhetüsti suw hyzmatdaşlygy sebitdäki durnuklylygy üpjün etmek we durnukly ykdysady ösüş üçin amatly şertleri döretmek üçin esasy gural hökmünde görülýär.
ORIENT