Iň täze habarlar

Aşgabatda “100 fontan” we “Baýram han Türkmen” seýilgähleriň durky täzelener

06.03.2025 | 14:40 |
 Aşgabatda “100 fontan” we “Baýram han Türkmen” seýilgähleriň durky täzelener

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabatdaky “100 fontan” we “Baýram han Türkmen” seýilgähleriniň durkuny täzelemek barada gaýtadan bäsleşik yglan etdi.

Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary Ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde kabul edilýär. Resminamalary 2025-nji ýylyň 17-nji apreline çenli tabşyryp bolar.

Haýyşnamalary tabşyrmak üçin salgy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, j.84. Habarlaşmak üçin: 44-46-64, 44-45-55.

ORIENT news

Foto: Orient.tm

Şeýle hem okaň: