Iň täze habarlar

ÝTÖB Türkmenistanyň bank ulgamynyň zerurlyklaryny öwrenýär

05.03.2025 | 23:25 |
 ÝTÖB Türkmenistanyň bank ulgamynyň zerurlyklaryny öwrenýär

5-nji martda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Maliýe institutlary boýunça müdirliginiň dolandyryjy direktory Fransiz Maližyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi.

Wekiliýetiň saparynyň esasy maksady Türkmenistanyň bank ulgamynyň zerurlyklaryny öwrenmekden we ÝTÖB bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemekden ybaratdyr.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uzak möhletli we netijeli häsiýetini bellediler. Bu söwdany, önümçiligi ösdürmek hem-de ýurtda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 80-den gowrak taslamanyň durmuşa geçirilmeginde öz beýanyny tapýar.

ÝTÖB-niň Türkmenistanda ileri tutýan ugurlary, hususan-da eksport ugurlulyk, ýurduň bank pudagy bilen hyzmatdaşlyk we häzirki zaman bank tejribesini ornaşdyrmaga ýardam bermek boýunça pikir alyşyldy.

Şeýle hem taraplar hyzmatdaşlygyň geljegini, hususan-da ÝTÖB-niň geljek döwür üçin täze strategiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

ORIENT

Foto: Flickr

Şeýle hem okaň: