Aziýa 2024-nji ýylda Dubaýyñ Halkara söwda edarasyndaky transmilli kompaniýalaryñ sany boýunça öñde barýar
05.03.2025 | 13:30 |Dubaýyñ Halkara söwda edarasy 2024-nji ýylda özüniñ Dubaýa çeken transmilli kompaniýalarynyñ 62,7% Aziýadan bolandygy barada habar berdi.
Latyn Amerika we Ýewropa sebitlerine 2024-nji ýylda çekilen transmilli kopmaniýalaryñ umumy sanyndan 11,8% degişli. Ýakyn Gündogara we Ýewraziýa - 9,7%, Afrika yklymyna we Awstraliýa bolsa 2% degişli. Esasy bäş pudaga 2024-nji ýylda Dubaýa Edara tarapyndan çekilen transmilli kompaniýalaryñ 50% degişli.
Olara Gurluşyk, Söwda we logistika hyzmatlary, Önümçilik, Maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary, şol sanda emeli añ, robototehnika, blokçeýn we programma üpjünçiligi, Bölekleýin satuw, moda, syýahatlar, myhmansöýerlik we syýahatçylyk degişlidir.
Transmilli kompaniýalaryñ 8% mobillik pudagyna, şol sanda aerokosmiki senagaty, älem, awtonom ulagy we adaty ulag pudaklaryna ýöriteleşendir.
Üç sany beýleki pudaklar: saglygy goraýyş we derman senagaty; maliýe, bank işi we maýa goýum bankingi; şeýle hem energetika, şol sanda nebit we gaz, täzeden dikeldilýän energiýa çeşmeleri we arassa tehnologiýalar umumylykda 18% düzýär.
Edara Gazagystanda we Kolumbiýada täze iki sany halkara edarasyny açmak bilen öz global gerimini hem giñeltdi. Şeýlelikde, ol öz wekilhanalarynyñ sanyny 33-e ýetirdi.
ORIENT