Iň täze habarlar

Binagärlik-gurluşyk institutynda bäsleşiklerde üstünlik gazanan talyplar we olaryň mugallymlary sylaglandy

06.03.2025 | 16:15 |
 Binagärlik-gurluşyk institutynda bäsleşiklerde üstünlik gazanan talyplar we olaryň mugallymlary sylaglandy

Ýakynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýurdumyzda geçirilen bäsleşiklere işjeň gatnaşyp üstünlik gazanmagy başaran institutyň talyplaryny hem-de olary bäsleşiklere taýýarlan mugallymlaryny hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.

2

Şeýle-de “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrylan 2025-nji ýylyň ilkinji günlerinde okuwlarynda we ÝOM-niň arasynda geçirilen döwlet derejesindäki dürli bäsleşiklere we halkara olimpiadalara işjeň gatnaşan institutyň zehinli talyp ýaşlaryna we olary bu ýaryşlara, olimpiadalara taýýarlan professor-mugallymlaryna hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: