Halkara gatnaşyklary institutynda sanly ulgam arkaly okuw-usuly maslahat guraldy
01.03.2025 | 13:25 |28-nji fewralda Türkmenistanyň BMG-na kabul edilmeginiň 33 ýyllygyna, hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda sanly ulgam arkaly «Dil - hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi» atly halkara okuw-usuly maslahaty guraldy. Onuň işine ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň şeýle-de daşary ýurtlaryň birnäçe ÝOM-niň professor-mugallymlary işjeň gatnaşdylar.
Halkara okuw-usuly maslahatynda çykyş eden mugallymlar daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti, dilleri öwretmegiň häzirkizaman usullary, şeýle-de olaryň halkara gatnaşyklary çygryndaky wajyplygy barada aýdyp geçdiler.
Geçirilen bu onlaýn okuw maslahaty ýurdumyzyň we ABŞ-nyň, Azerbeýjanyň, Bahreýn Patyşalygynyň, Ermenistanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Wengriýanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryny bir ýere jemlemek bilen, olara bu ugurda özara tejribe hem pikir alyşmaklary üçin mümkinçilik döredýän meýdança bolup hyzmat etdi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
ORIENT