Türkmenistan we Beýik Britaniýa ýokary bilim babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giñeltmek barada maslahatlaşdylar
19.02.2025 | 12:15 |Aşgabatda Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ wekilleriniñ Nottingem Trent uniwersitetiniñ (Beýik Britaniýa) wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.
Bu sapar Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ we Nottingem Trent uniwersitetiniñ arasyndaky hyzmatdaşlygyñ çäklerinde amala aşyryldy. Nottingem Trent uniwersitetine doktor Martin Sewior hem-de Sem Barkli wekilçilik etdiler.
Taraplar ýokary bilim babatda, hususan-da, iñlis diliniñ okadylyşyny kämilleşdirmek, mugallymlary taýýarlamak hem-de akademiki alyş-çalyş babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giñeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryñ işläp taýýarlanylmagynyñ hem-de sanly bilim gurallaryñ ornaşdyrylmagynyñ wajyplygy barada aýratyn bellenildi. Iñlis dili mugallymlary üçin okatmak usulyýetlerini kämilleşdirmäge hem-de okuw proseslerine innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen ussatlyk sapaklaryñ we seminarlaryñ geçirilmegine aýratyn üns çekildi.
Ozal Nottingem Trent uniwersitetiniñ wekilleriniñ Türkmenistanyñ degişli edaralary üçin hünäri ýokarlandyrmak boýunça okuwlary geçirendiklerini bellemeli.
Nottingem Trent uniwersiteti Beýik Britaniýanyñ öñdebaryjy döwlet ýokary okuw mekdepleriniñ biri bolup, ol 2019-njy ýylda iñ gowy uniwersitet diýlip yglan edildi. Bu ýokary okuw mekdebi özüniñ sungat, dizaýn, binagärlik, gurluşyk, işewürlik we ykdysadyýet boýunça maksatnamalary bilen meşhurdyr.
ORIENT news