Türkmen döwlet maliýe instituty bitaraplyk meseleleri boýunça onlaýn-olimpiadasyny geçirer
17.02.2025 | 10:05 |Türkmen döwlet maliýe instituty ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Bitaraplyk ýoly – parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly” atly onlaýn-olimpiadasynyň geçirilýändigi barada habar berýär.
Paýhas bäsleşigi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň çuňlaşdyryp öwrenilmegine, bu babatda ýaşlaryň bilimleriniň kämilleşmegine, şeýle hem ýaş nesilde öz Watanyna bolan buýsançlyk duýgusynyň döredilmegine gönükdirilendir.
Olimpiadanyň test soraglary bitaraplygyň taryhy kökleri; türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle hem Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çykyşlarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň aýratynlyklary; “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” we onuň nyşany; halkara gatnaşyklarda bitaraplyk syýasaty ýaly mowzuklara esaslanar.
Bäsleşik türkmen dilinde geçirilýär. Her bir ýokary okuw mekdep 5 talyby hödürläp biler. Olar bir sagadyň dowamynda 60 sany test soraglaryna dogry jogap bermegi başarmaly.
Onlaýn-olimpiada 17-nji martda sagat 15:00-da başlap, oňa Türkmenistanyň döwlet maliýe institutynyň sanly platformasy arkaly gözegçilik ediler.
Olimpiada gatnaşjak talyplaryň sanawyny we olar baradaky maglumatlary guycmyratsoltanmyradow@gmail.com elektron salgysyna 15-nji marta çenli ugratmaly.
1, 2 we 3-nji ýerlere mynasyp bolan talyplar Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektorynyň adyndan diplomlar bilen sylaglanar.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99365553366; +99365410055; +99363249950.
ORIENT news