Iň täze habarlar

Türkmen talyby "GDA-nyñ iñ gowy talyby" boldy

14.02.2025 | 12:10 |
 Türkmen talyby "GDA-nyñ iñ gowy talyby" boldy

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ 4-nji ýyl talyby Hallyniýaz Babaýew 2025-nji ýylyñ Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyñ talyplaryñ arasyndaky "GDA-nyñ iñ gowy talyby" halkara bäsleşiginiñ birinji derejeli diplomyna mynasyp boldy. Bu barada Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ saýtynda habar berilýär.

Bäsleşik Gazagystanyñ "Bilim-orkenieti" milli innowasiýa ylmy-barlag merkezi tarapyndan "Iñ gowy talyplar akademiýasy" bilen bilelikde geçirildi.

Bäsleşigiñ eminleri türkmen talybynyñ ylma, sungata we sporta goşan goşantlaryna ýokary baha berdiler. Şeýlelik bilen, Hallyniýaz Babaýew "GDA-nyñ iñ gowy talyplaryň" hataryna goşuldy.

Oña döş nyşany hem berildi.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: