Wena şäherinde ÝHHG-nyň Hemişelik geňeşiniň mejlisi geçirildi
03.02.2025 | 18:40 |30-njy ýanwarda Wenada geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisine Türkmenistanyň wekiliýeti руь gatnaşdy. Mejlisde çykyş eden ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň başlygy Pia Kauma (Finlýandiýa) 57 gatnaşyjy döwletiň ilçilerine parlamentleriň gurama bilen hyzmatdaşlygy barada garaýyşlaryny beýan etdi hem-de fin ýolbaşçylygynyň iş ugurlary bilen umumy gyzyklanma bildirilýän ugurlary nygtady. Şu ýyl Helsinki jemleýji aktynyň 50 ýyllygynyň öňüsyrasynda Pia Kauma ÝHHG-nyň hemişelik ýörelgelerini we borçnamalaryny saklamagyň hem-de berkitmegiň zerurdygyny belledi.
Halkara howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, 1975-nji ýylyň tomsunda Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkide 35 ýurduň döwlet baştutanlary tarapyndan gol çekilen resminama – Helsinki jemleýji akty (Helsinki ylalaşyklary, Helsinki jarnamasy) soňky sowuk urşuň dartgynlylygyny peseltmekde möhüm ädim boldy. Onuň 50 ýyllygynyň bellenilmegi, ÝHHG-nyň çäginde barha artýan geosyýasy bäsdeşlige garşy göreşmek we Helsinki jemleýji aktynyň esas goýujy gymmatlyklaryny Gündogar we Günbatar döwletleri üçin täzeden tassyklamak üçin möhüm pursat hökmünde görülýär.
Başlyk Kauma geçen hepde Helsinkide geçirilen ÝHHG-nyň PA-nyň býurosynyň mejlisini ýatladyp, şol ýerde ÝHHG-nyň häzirki başlygy Elina Waltoneniň çykyş edendigini we Guramanyň içinde bitewilikli çemeleşmäni üpjün etmek arkaly umumy wezipeleri çözmek üçin sinergiýany gazanmaga taýynlygyny mälim edendigini belledi.
ORIENT