Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: gysga süýümli pagta satyn alyndy

13.02.2025 | 10:30 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: gysga süýümli pagta satyn alyndy

12-nji fewralda, çarşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda oba hojalyk önümleri ýerlenildi.

Türkiýäniň telekeçileri Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen gysga süýümli pagtany satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 5 645 194,70 ABŞ dollaryna barabar bolan 1 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: