Türkmenistanda talyplaryň arasynda hakaton geçiriler
13.02.2025 | 16:20 |27-nji fewralda Türkmenistanda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “AI Product Hackathon” geçiriler.
Çäräniň maksady emeli aň (EA) babatda döwrebap çözgütleri işläp taýýarlaýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan hem-de talyplaryň arasynda EA tehnologiýalarynyň ulanyş usullaryny wagyz etmekden ybarat.
Çäräniň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty hem-de işläp taýýarlaýjylar forumynyň operatory “Sanly Çözgüt IT meýdança” HJ çykyş edýär. Ol hem ýaryşlaryň geçirilýän döwründe tehniki enjamlaryna we programma üpjünçiligine jogapkär bolar.
Gatnaşmaga isleg bildirýänler Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň saýtynda degişli formany doldurmaly. Her bir ýokary okuw mekdebiniň ýygyndy toparynyň agzalary baradaky maglumatlar basleshikttweii@gmail.com elektron salgysyna boýunça ugradylmaly.
Hakaton şu ýumuşlary öz içine alýar: birinji ýumuş kompýuter tehnikasy dükanynyň işiniň awtomatizasiýasy bilen bagly. Gatnaşyjylar Emeli aňa foto suratlar arkaly hasaplaýjy tehnikasynyň ähli harytlaryny kesgitlemegi hem-de olary tertip boýunça ýerleşdirmegi öwretmeli. Ikinji ýumuşyň çäklerinde gatnaşyjylar train.zip hödürlenen bukjasy arkaly degişli işleri geçirmeli.
Hakatona hasaba alnyş 2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda tamamlanar. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy 27-nji fewralda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadynda ýerleşýän “Sanly Çözgüt IT meýdança” HJ binasynda geçiriler.
ORIENT news