Gazagystanda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi
12.02.2025 | 13:05 |Türkmenistanyň Gazagysandaky ilçihanasy Almaty şäherindäki Gazak milli agrar ylmy-barlag uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre geçirdi.
Çärä ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary, Gazagystanda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdy. Çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri barada beýan edýän wideo ýazgy görkezildi. Türkmen talyplary ajaýyp çykyşlary ýerine ýetirdiler, Magtymguly Pyragynyň goşgylaryny okadylar.
Dabaraly çäreden soňra türkmen diplomatlarynyň Almaty şäherindäki Gazak milli agrar ylmy-barlag uniwersitetiniň rektory Ahylbek Kurişbaýew hem-de ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary bilen duşuşygy geçirildi.
Taraplar 2025-nji ýylyň dowamynda bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi barada maslahatlaşdylar.
ORIENT