Gyrgyzystanyň startapçylary Kremniý jülgesine baryp görmek mümkinçiligini alarlar
12.02.2025 | 13:05 |Gyrgyzystanyň Ýokary Tehnologiýalar Parky “Dive into Silicon Valley” Maksatnamasyna arzalaryň kabul edişligini başlaýar diýip, “The Tech” internet neşiri habar berýär. Tehnologiýa startaplarynyň esaslandyryjylary we toparlary, işläp düzüjiler we EA hünärmenleri, önümlerini halkara derejesine çykarmagy maksat edinýän telekeçiler arza berip bilerler. Bu, gyrgyz telekeçileri we tehnologiýa pudagyndaky hünärmenleri üçin 2025-nji ýylyň baharynda (ABŞ) Kremniý jülgesine baryp görmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
“Dive into Silicon Valley” Maksatnamasy gatnaşyjylara innowasiýalar, tehnologiýalar we ABŞ-nyň iň ösen sebitleriniň biri bolan startap ekosistemasy bilen tanyşmak üçin mümkinçilik döredýär. Gatnaşyjylar dünýäniň tehnologiýa ösüşiniň merkezinde 14 gün geçirip, täsin networing mümkinçiliklerine, maýadarlar we bilermenler bilen gatnaşyklara, şeýle hem Techstars we TechCrunch ýaly öňdebaryjy startap-inkubatorlarynyň gurnaýan hakathonlaryna we pitç sessiýalaryna gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.
ORIENT