Türkmenistan bilen YHG sebitleýin dialogy ösdürmegiň çemeleşmeleri barada ylalaşdylar
12.02.2025 | 23:15 |12-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýrana saparynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Han bilen duşuşyk geçirildi.
Taraplar Türkmenistan bilen YHG-nyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alşyldy, şeýle hem hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary kesgitlenildi. Raşid Meredow Türkmenistanyň bu düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga goşant goşmaga ymtylýandygyny nygtady. Ulag pudagy we serhetýaka söwdasy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şu nukdaýnazardan, Üstaşyr geçirijiler boýunça çarçuwaly ylalaşygynyň, şeýle hem Söwda ylalaşygynyň ähmiýeti bellenildi.
Durnukly ösüş babatyndaky hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, YHG-nyň Baş sekretary 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda durnukly ösüş boýunça çäreleri guramagy teklip etdi.
Ministr Asad Majid Hany Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Türkmenistanda geçirilýän çärelere gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we YHG-nyň konstruktiw dialoga ygrarlydyklaryny tassyklap, taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler diýip, DIM-niň metbugat beýanatynda habar berilýär.
ORIENT