Aşgabat we Tähran syýasy geňeşmeler geçirdi we özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdy
12.02.2025 | 22:30 |12-nji fewralda Tähranda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Taraplaryň wekiliýetlerine ministrler – Raşid Meredow we Seýed Abbas Arakçi ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Iň ýokary syýasy derejedäki yzygiderli we ynamdar dialogyň däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna goşant goşýandygyny bellenildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini belläp, wekiliýetler halkara parahatçylygy, asudalygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak boýunça türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan, BMG-niň we beýleki abraýly halkara we sebit düzümleriň, hususan-da YHG-nyň hem-de Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy. Şunlukda halkara we sebit gün tertibine hem garaldy.
Wekiliýetler parlamentara gatnaşyklarynyň möhümdigini bellediler. Iki ýurduň arasyndaky parlamentara dostluk toparynyň üstünlikli işleýändigi nygtaldy. Bu ugurda ýakynda geçiriljek çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň görkezijilerine garaldy. Ýangyç-energetika we ulag pudaklary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Ýokary ýolbaşçy düzüminiň tabşyryklaryna laýyklykda taraplar suw serişdelerini dolandyrmak pudagyny öz içine almak bilen, göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleri bellediler.
Mundan başga-da, mejlisi gatnaşyjylar şu ýylyň dowamynda bilelikde çäreleri geçirmek şol sanda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ugurlarynda gatnaşyklary berkitmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
ORIENT