UNFPA Türkmenistanda maşgalalara psihiki we durmuş goldawyny bermek boýunça seminar geçirdi
13.02.2025 | 11:22 |2025-nji ýylyň 10-12-nji fewraly aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky edarasy Türkmenistanda kyn durmuş ýagdaýyna düşen aýallara we olaryň maşgalalaryna psihiki we durmuş maslahatlaryny bermek boýunça üç günlük seminar geçirdi.
Çäre BMG-niň Aşgabatdaky binasynda geçirilip, 30-dan gowrak hünärmenleri, şol sanda psihologlary, durmuş üpjünçilik işgärlerini hem-de jemgyýetçilik guramalaryň wekillerini ýygnady. Seminar psihiki we durmuş babatda maslahat bermekde, kyn durmuş ýagdaýyna düşen aýallar bilen iş alyp barmagyň usullaryny öwrenmekde hünärmenleriň taýýarlyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirildi. Üç günüň dowamynda seminara gatnaşyjylar mowzuklaryň birnäçe toplumyny, şol sanda gender sosializasiýa meselelerini, maşgalada zorlugyň dürli ugurlaryny we onuň psihiki saglyga ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşdylar.
Seminara Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň wekilleri, psihologlar we ýurduň ähli welaýatlarynyň maşgalalara goldaw bermek boýunça gulluklaryň durmuş üpjünçilik işgärleri, şeýle hem “Keýik okara” jemgyýetçilik birleşiginiň wekilleri gatnaşdy. Seminar UNFPA-nyň halkara maslahatçysynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Gatnaşyjylar kyn durmuş ýagdaýa düşen aýallara we olaryň maşgalalaryna kömek bermekde dersara çemeleşmäniň wajyplygy barada nygtap, psihologiýa kömegini bermegiň häzirki zaman usullaryna garadylar.
Seminar Türkmenistanda durmuş goldawyny we psihologiýa kömegini bermek ulgamynyň ösüşinde möhüm tapgyr boldy.
ORIENT news