Iň täze habarlar

“Torpedo”-BelAZ türkmenistanly futbolçy bilen şertnama baglaşdy

13.02.2025 | 14:20 |
 “Torpedo”-BelAZ türkmenistanly futbolçy bilen şertnama baglaşdy

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň 24 ýaşly ýaym goragçysy Teýmur Çaryýew “Torpedo”-BelAZ žodin futbol kluby bilen şertnama baglaşdy.

Klubyň resmi telegram-kanalynyň habar berşi ýaly, futbolçy bilen bir ýyllyk möhlete şertnama gol çekildi.

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde Teýmur Çaryýew dokuz oýun geçirip, bir gol salmagy başardy.

ORIENT news

Foto: football.by

Şeýle hem okaň: