Arkadag şäherinde jemagat hojalygy gulluklary üçin täze arassalaýjy tehnika gelip gowuşdy
03.02.2025 | 15:50 |Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda jemagat hojalygy üçin satyn alnan täze tehnika bilen tanyşdy.
Şäheriň dolandyryşyna gelip gowuşan döwrebap arassalaýjy tehnikalar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan berlen sowgat bolup, “akylly” şäher üçin möhüm waka öwrüldi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.
Milli däp-dessurlara laýyklykda, tehnikany kabul etmek dabarasy geçirildi. Ak saçly eneler, tehnikalara ak un sepip, olara alaja daňdylar. Ýokary halkara standartlara laýyk gelýän täze enjamlar şäher hojalygynda eýýäm öz netijeliligini görkezdi diýip, habarda aýdylýar.
“Akylly” şäherde ekologiýa meselelerine, “ýaşyl” tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna hem-de amatly şäher gurşawyň döredilmegine aýratyn üns berilýär.
ORIENT News