Iň täze habarlar

OpenAI robotlary döretmek boýunça hünärmenleri gözläp başlaýar

12.01.2025 | 10:00 |
 OpenAI robotlary döretmek boýunça hünärmenleri gözläp başlaýar

Emeli aň tehnologiýalarynda özüniň gazananlary bilen tanalýan OpenAI kompaniýasy robotlary işläp taýýarlamak üçin hünärmenleri gözläp başlaýandygy barada habar berdi. Bu karar kompaniýanyň 2020-nji ýylda ýüz öwüren köpugurly robotlary döretmek pikirine gaýdyp gelýändiginiň netijesi boldy.

Indi bolsa OpenAI hakyky dünýäniň çalt depginde üýtgäp durýan şertlerine uýgunlaşyp biljek seýrek görkezijili hem-de hasaplaýyş komponentli robotlary işläp taýýarlamagy meýilleşdirýär.

Bu maksat bilen kompaniýa ilkinji görnüşleri synagdan geçirmek üçin robotlaşdyrylan el-aýaklary döretmekde tejribesi bar bolan işgärleri hem-de işläp taýýarlaýjylary gözleýär. OpenAI robotlaryň köpçülikleýin çykarylyşyny meýilleşdirýär, bu hem million sany möçberde çykarylyşy göz öňünde tutýar.

Iş orunlaryň açylmagy ozal ýatyrylan pudaklaýyn bölümleriň dikeldilmegi bilen hem baglydyr.

Robototehnika ugrunyň ýolbaşçysy Keýtlin Kalinowski döredilýän robotlar dürli görnüşli faktorlara eýe boljakdygy barada belledi, bu bolsa olara köpsanly wezipeleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.

ORIENT news

Foto: habr.com

Şeýle hem okaň: