Türkmenistanda Bütindünýä hindi güni geçirildi
12.01.2025 | 11:10 |2025-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Bütindünýä hindi gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat, ilçihananyň işgärleri, institutyň ýolbaşçylary, mugallymlary we talyplary gatnaşdy. Çäräniň başynda institutyň rektory M.Çaryýew gutlag sözi bilen çykyş etdi. Rektor öz çykyşynda ýokary okuw mekdebi bilen Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň talyplar tarapyndan hindi dilini has çuňňur öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi.
Soňra hanym, Ilçi çykyş etdi we Bütindünýä hindi gününi bellemegiň möhümdigini belledi. Hormatly Madhumita Hazarika Bhagat, Türkmenistanda hindi diliniň meşhurlygyny, şeýle hem bu uniwersitetiň mugallymlarynyň we talyplarynyň hindi dilini bilişiniň ýokary derejesini aýratyn nygtady.
Soňra hindi dilini öwrenýän talyplar türkmen we hindi edebiýatynyň ýakynlygy, halklaryň medeniýetleriniň we däp-dessurlarynyň meňzeşligi barada çykyş etdiler. Olar “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” goşgusyny Magtymguly Pyragynyň hindi diline terjime edilen goşgularyny ruhybelentlik bilen okadylar, Rabindranat Tagoryň, Mkanlal Çaturwediniň, Hariwanş Raý Baççanyň goşgularyny hindi dilinde çeper okamaklary, ussatlyk bilen ýerine ýetiren hindi tansy we türkmen milli tansy – küştdepdi dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Bütindünýä hindi güni mynasybetli talyp ýaşlaryň arasynda düzme ýazmak we goşgy terjime etmek boýunça geçirilen bäsleşigiň jemi jemlenip, baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplar sylaglandylar.
ORIENT news