Hytaýda ilkinji gezek daşary ýurt hassahanasyna lukmançylyk tejribesini alyp barmaga ygtyýarnama berildi
09.01.2025 | 15:15 |Hytaýyň häkimiýeti ilkinji gezek dolulygyna daşary ýurt döwletine degişli bolan üçünji derejeli hassahanasyna (şäher, welaýat ýa-da milli derejesindäki 500 orunlyk köpugurly edaralar degşli) lukmançylyk tejribesini alyp barmaga ygtyýarnama berdi.
Hassahana Týanszinde ýerleşip, ol “Perennial Group” singapur kompaniýasy tarapyndan guruldy we dolulygyna oňa degişli. Soňky ýyllarda Hytaý daşary ýurt kompaniýalaryň ýurduň dürli pudaklarynda, şol sanda lukmançylykda iş alyp barmaklary üçin mümkinçilikleri giňeldýär.
Perennial Group kompaniýasynyň başlygy Pan Siýuan şeýle belleýär: “Biz birinji bolanymyza örän şatdyrys. Biz bejerişiň öňdebaryjy halkara standartlaryny hödürleýäris, häzirki zaman lukmançylyk enjamlaryny ulanýarys hem-de ýerli hassahanalar we lukmanlar bilen hyzmatdaşlyk ederis.
Biz ýerli ýaşaýjylaryň köp bölegine, şeýle hem Hytaýda ýaşaýan daşary ýurtlylara ýardam etmek üçin Hytaýyň lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigimize ynanýarys. Açyklyk syýasatynyň has uly maýa goýumlary çekip, hytaý bazaryna, esasan hem, saglygy goraýyş ulgamy boýunça ynam berjekdigine ynanýaryn”.
ORIENT news