TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “B” markaly karbamid hem-de dokma galyndylaryndan täzeden generirlenen süýümler ýerlenildi
09.01.2025 | 08:45 |8-nji ýanwarda, çarşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.
Owganystanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” Döwlet kosnerni bilen "B" markaly karbamidi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden dokma galyndylaryndan täzeden generirlenen süýümleri satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 286 300 manada hem-de 2 650 500 amerikan dollara barabar bolan 7 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.
ORIENT news