Iň täze habarlar

Gazagystan Hytaý, Özbegistan we Türkmenistan bilen serhedindäki barlag-göýberiş nokadyny döwrebaplaşdyrýar

10.01.2025 | 15:40 |
 Gazagystan Hytaý, Özbegistan we Türkmenistan bilen serhedindäki barlag-göýberiş nokadyny döwrebaplaşdyrýar

Gazagystan Hytaý, Özbegistan we Türkmenistan bilen serhetdäki barlag-göýberiş nokatlaryny dolylygyna döwrebaplaşdyrýar, esasanam olaryň ýerine täze infrastruktura desgalaryny gurýar diýip, Respublikanyň Döwlet girdeji komitetiniň metbugat gullugy habar berdi. Netijede, serhet geçelgeleriniň geçirijilik ukyby azyndan alty esse artar.

“Ýurduň üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek we goňşy ýurtlar bilen söwda dolanyşygyny artdyrmak maksady bilen ýurduň Hökümeti Hytaý Halk Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Türkmenistan bilen serhetdäki barlag-göýberiş nokatlaryny doly derejede döwrebaplaşdyrmaga başlady. ... Döwrebaplaşdyryş işleri, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmeýän köne infrastruktura desgalarynyň ýykylmagy bilen täze barlag-göýberiş nokatlarynyň gurluşygyny öz içine alýar” – diýip, Respublikanyň Döwlet girdeji komitetinde düşündirildi.

Bu amatly serhet geçelgesi ýokary hilli döwlet gözegçiligi üçin ähli şertleri döreder we awtoulag geçelgeleriniň kuwwatyny alty esse ýokarlandyrar we harytlaryň hereketiniň ähli tapgyryny awtomatlaşdyrmak bilen, serhetden geçmek üçin sarp edilýän wagty 30 minuda çenli azaltmana mümkinçilik berer.

ORIENT news

Foto: baigenews.kz

Şeýle hem okaň: