Türkiýede Kiberhowpsuzlyk müdirligi döredildi
09.01.2025 | 13:28 |Türkiýede prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň permany bilen Kiberhowpsuzlyk müdirligi döredildi.
Bu täze pudaklaýyn edara Ankarada ýerleşip, gönüden-göni prezidente degişli bolar.
Ýurduň kiberhowpsuzlyk strategiýasynyň işläp taýýarlanylmagy we durmuşa geçirilmegi, şeýle hem bu ulgam boýunça çäreleriň utgaşdyrylmagy Müdirligiň esasy wezipesi bolar. Müdirlik ýerine ýetiriljek işleriň meýilnamasynyň düzülmegi hem-de kadalaşdyryjy binýadynyň işläp taýýarlanylmagy bilen meşgullanar. Kiber howplar barada habarlylygyň ýokarlandyrylmagy hem-de hünärmenleriň taýýarlanylmgy täze edaranyň işiniň esasy ugry bolar.
Müdirligiň düzümine birnäçe müdiriýetler, şol sanda Baş kibergoraglylyk müdiriýeti we Baş kiberdurnuklylyk müdiriýeti girer. Täze edaranyň işgärler sany 135 adamdan ybarat bolup, zerur bolan ýagdaýynda ýurtda hem-de ýurduň daşynda täze wekilhanalar açylar.
ORIENT news