Iň täze habarlar

Wizalary ykrar etmek hakynda rus-belarus ylalaşygynyň türkmen raýatlary üçin açyp berýän mümkinçilikleri

11.01.2025 | 16:25 |
 Wizalary ykrar etmek hakynda rus-belarus ylalaşygynyň türkmen raýatlary üçin açyp berýän mümkinçilikleri

2025-nji ýylyň 11-nji ýanwaryndan başlap 2020-nji ýylda gol çekilen Russiýa bilen Belarusyň arasynda wizalary özara ykrar etmek hakynda ylalaşygy güýje girizildi. Bu bolsa bu ýurtlaryň çäginden syýahat edýän daşary ýurtly raýatlar üçin, şol sanda Türkmenistanyň raýatlary üçin hem täze mümkinçilikleri açyp berýär.

Ylalaşyk bu ýurtlaryň (Russiýa ýa-da Belarus) haýsy-da bolsa biriniň wizalaryny alan daşary ýurtlylara, şol sanda türkmenistanlylara goşmaça wizany resmileşdirmezden olaryň arasyndaky serhedi erkin geçmäge mümkinçilik berýär. Mysal üçin, ruz wizasyna eýe bolup, Türkmenistanyň raýaty Belarusa baryp biler, ýa-da tersine, belarus wizasyna eýe bolan raýat Russiýa baryp biler.

Bir ýurduň (Russiýa ýa-da Belarus) wizasyna eýe bolan türkmenistanly Ylalaşygyň mümkinçiliklerinden nädip peýdalanyp biler?

Russiýa ýa-da Belarusa barjak bolýan Türkmenistanyň syýahatçylary, talyplary we telekeçileri üçin bu Ylalaşyk ýurtlaryň arasyndaky gatnawy aňsatlaşdyrýar. Giriş halkara geçiş nokatlarynda, şeýle hem belli demir ýol, howa we awtomobil gatnawynyň ýollary arkaly mümkindir.

Häzirki wagtda Ylalaşykda şeýle bölekleriň altysy göz öňünde tutulan: Ýuhowiçi-Dolssy (Opoçka-Nowopolosk), Ýezerişe-Newel (Kiýew-Sankt-Peterburg), Liozno-Kruglowka (Witebsk-Smolensk), Redki-Krasnaýa Gorka (Minsk-Moskwa), Zwençatka-Dubowiçka (Bobruýsk-Moskwa), Selişe-Nowozybkow (Gomel-Brýansk).

Resminamada wiza tertibi boýunça Belarusyň we Russiýanyň çäginde girişi, çykyşy, galmagy we (ýa-da) üstaşyr geçişi amala aşyrýan hem-de iki ýurduň birisiniň wizasyna, şeýle hem iki döwlet tarapyndan ykrar edilen şahsylygy tassyklaýan resminama eýe bolan şahslara şeýle wizanyň hereket ediş möhletiniň dowamynda iki döwletiň çägine girimäge, çykmaga, galmaga, üstaşyr geçmäge hukuk berilýändigi barada bellenilýär.

Her tarap islendik raýatlygy ýok adama ýa-da daşary ýurtly raýata öz çägine girmäge ygtyýar bermän ýa-da öz çäginde galmak möhletini azaltmak, şeýle hem olaryň giriş, çykyş, üstaşyr geçiş ýa-da galmak düzgünleriniň berjaý edilmegine gözegçilik etmek hukugyna eýedir.

ORIENT News

Foto: royalsky.by

Şeýle hem okaň: