Iň täze habarlar

Ulag mowzugy – 2025-nji ýylda ÝB we Merkezi Aziýanyň özara gatnaşyklarynda ilkinji nobatda

10.01.2025 | 23:55 |
 Ulag mowzugy – 2025-nji ýylda ÝB we Merkezi Aziýanyň özara gatnaşyklarynda ilkinji nobatda

Ulag pudagy – Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan biridir. Muňa şu gün Brýusselde Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow bilen Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissarynyň kabinetiniň başlygy Lýusi Şestakowanyň arasynda geçirilen duşuşyk şaýatlyk edýär. Söhbetdeşligiň esasy mowzugy, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek şeýle hem ulag pudagyna ünsi jemlemek bilen Merkezi Aziýa bilen ÝB arasyndaky gatnaşyklar boldy.

Taraplar Merkezi Aziýanyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda köpri hökmünde strategiki ähmiýetini nygtadylar. Söwda gatnaşyklaryny giňeltjek we sebitde ykdysady ösüşine ýardam etjek ulag geçelgelerini berkitmäge aýratyn üns berildi. Duşuşygyň dowamynda Halkara hyzmatdaşlygy boýunça täze Ýewropa komissary Iosef Sikeliň dialogy ösdürmek üçin indiki ädimleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana saparynyň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Saparyň esasy mowzugy ulag meselesi bolar.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ulag meseleleri boýunça utgaşdyryjy platformasyny işe girizildi. Bu platforma sebitleriň arasynda ulag taslamalaryny utgaşdyrmak üçin ilkinji we ýeke-täk mehanizm bolup, olaryň integrasiýasyny we durnukly infrastrukturany ösdürmäge ýardam berýär.

Ulag pudagy, ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň öňdebaryjy ugry bolmagyny dowam etdirýär we 2025-nji ýylda sebit aragatnaşygyny we durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin esas döredýär diýip, Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasynda nygtaldy.

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy tarapyndan üpjin edildi

Şeýle hem okaň: