Türkmenistanda inklýuziwligi üpjün etmäge gönükdirilen taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy
10.01.2025 | 11:15 |2025-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda “Mary welaýatynda ýaşaýan aýallaryň we ýaşlaryň ösüşi üçin ykdysady mümkinçilikleriň giňeldilmegi” taslamasynyň ýolbaşçysy, ykdysady ylymlarynyň kandidaty Serdar Agaýewiň “Balkan welaýatynda el hereketler diliniň öwredilşi” atly taslamanyň ýolbaşçysy, “Ýaş ýardamçy” Hojalyk jemgyýetiniň başlygy Jemal Gurbanowa bilen duşuşygy geçirildi.
Olar taslamalary durmuşa geçirmegiň üstünlikli terjibelerini öwrenmek meselelerini, şeýle hem ýurduň welaýatlarynda aýallar we ýaşlar telekeçiligini ösdürmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu taslamalara maýyplygy bolan adamlaryň çekilmegini we olaryň zerurlyklaryny göz öňünde tutýan inklýuziwlik meselesine aýratyn ähmiýet berildi.
Serdar Agaýewiň belleýşi ýaly, aýallar we ýaşlar üçin ykdysady mümkinçilikleri giňeltmek boýunça başlangyjy “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” beýan edilen maksatlaryň netijeli ýerine ýetirilmegine gönükdirilen wezpeleri öz içine alýar.
Taslamanyň çäklerinde şahsy işewürligi döretmek meselelerine, kommunikasiýa strategiýalaryň işläp taýýarlanylmagyna hem-de ýaşlarda liderlik endikleriniň ösdürilmegine bagyşlanan seminarlaryň geçilirmegi meýilleşdirilýär. Jemal Gurbanowa döwlet gullukçylarynyň, durmuş gulluklaryň wekillerine el hereketler diliniň esaslaryny öwretmegini göz öňünde tutýan “Balkan welaýatynda el hereketler dilini öwretmek” taslamasynyň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy. Eşidiş bozulmalary bolan adamlar bilen özara gatnaşykda bu örän möhüm bolup durýar. Taslama tarapyndan hödürlenilýän okuwlar eşidiş bozulmalary bolan adamlar bilen netijeli gatnaşyk üçin zerur bolan amaly endikleri edinmäge gönükdirilen.
Iki taslamanyň wekilleri tarapyndan geçirilen maslahatlaşmalaryň dowamynda döwlet edaralary, ýerli jemgyýetçilik guramalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk alyp barmagyň hem-de taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin amaly bilimleri özara alyşmak boýunça duşuşyklary geçirmegiň wajyplygy barada aýratyn bellenildi.
Iki taslamanyň hem seminarlara mugt esasda gatnaşmak mümkinçiligini hödürleýändigini bellemeli. Bu bolsa olary taslamanyň çäklerinde hödürlenilýän mowzuklar boýunça öz hünär ukyp-başarnyklaryny we bilimlerini ösdürmek isleýän adamlaryň giň köpçüligi üçin elýeterli edýär.
“Mary welaýatynda ýaşaýan aýallaryň we ýaşlaryň ösüşi üçin ykdysady mümkinçilikleriň giňeldilmegi” we “Balkan welaýatynda el hereketler diliniň öwredilşi” taslamalary Türkmenstandaky ABŞ-nyň ilçihanasynyň grant maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
ORIENT news