Arheologlar Müsüriň günortasyndaky Hatşepsut ybadathanasynyň esasy bir bölegini tapdylar
10.01.2025 | 17:40 |Arheologlar Müsüriň günortasyndaky Deýr-el-Bahri sebitiniň Luksor obasynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda Hatşepsut ybadathanasynyň esasy bir bölegini we Orta patyşalyk döwrüniň mazaryny tapdylar diýip, Müsüri öwreniji Zahi Hawass mälim etdi.
“Missiýa, jülgäniň golaýynda ýerleşýän we jynaza ybadathanasynyň esasy girelgesi bolan Hatşepsut ybadathanasynyň esasy bir bölegini tapdy” – diýip, Hawass çarşenbe güni geçirilen metbugat maslahatynda mälim edip, bu sebitde gazuw-agtaryş işleriniň we gözlegleriň 2022-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri dowam edýändigini belledi.
Arheolog bu missiýanyň Orta Patyşalyk döwrüne (b.e. öňki 2050-1710-nji ýyllyar.) degişli köp sanly ýazgylary we gaýa mazarlaryny hem tapmagy başarandygyny belledi. Mazarlardan möhüm artefaktlar şol sanda gurbanlyk sadakalary üçin keramiki stollar tapyldy diýip, Hawass aýtdy.
Arheologiki missiýa tarapyndan tapylan beýleki tapyndylarda XVII dinastiýanyň daşdan ýasalan mazarlary, ok ýaýlary, Jehuti-Mesiň gubury (şa aýal Tetişeriň köşgüniň gözegçileri) we El-Assasifiň nekropolunyň (gadymy şäherlerde uly gonamçylyk) bir bölegi bar.
Arheologlaryň Ptolemeý I (367 - 283) döwrüne degişli Aleksandr Makedonskiniň şekilleri bolan bürünç teňňeleri hem tapandyklary bellendi.
ORIENT news