Owganystan we Merkezi Aziýa: durnuklylygyň we umumy gülläp ösüşiň altyn açarynyň gözleginde
23.09.2024 | 21:05 |Geçen aý Owganystanda täze häkimiýetiň gelmeginiň üç ýyllygy bellenildi. Ýurdy üç ýylyň dowamynda dolandyrmak – az wagt hem däldir. Emma dünýä bileleşiginde bu ýurduň ýagdaýy entegäm aladalary döredýär. Sebäbi Owganystan uly ynsanperwer, ykdysady we syýasy meselelere duçar boldy, we olar goňşy ýurtlaryň we tutuş sebitiň ýagdaýyna öz täsirini ýetirýärler.
Şeýle aladalaryň sebäpleriniň arasynda ynsanperwer çökgünlik bolup, onuň netijesinde köpsanly owgan ilaty azyk önümleriň, derman serişdeleriň we beýleki durmuş ähmiýetli zerur bolan harytlaryň ýetmezçiligini duýýarlar. Bu ýurduň ykdysadyýeti häzirki wagta çenli agyr ýagdaýda bolup, ilatyň ýaşaýyş şertleriniň onsuzam aňsat bolmadyk ýagdaýyny hasam kynlaşdyrýar. Emma Owganystanyň gapma-garşylyklaryň ýurdy bolandygyny bellemelidir...
Ilki bilen sanksiýa basyşy we Merkezi bankyň aktiwleriniň doňdurylmagy bilen baglanyşykly ähli kynçylyklara garamazdan, täze Owganystan halkara gatnaşyklar ulgamynda öz mynasyp ornuny eýelemäge çalyşýar. Şeýlelikde, owgan hökümeti 22-24-nji oktýabrda Kazan şäherinde geçiriljek BRIKS-yň sammitine gatnaşmak üçin Moskwa öz isleg hatyny ýolladylar. Ýaňy-ýakynda bolsa, 3-6-njy sentýabr aralygynda Kabulyň wekilleri Wladiwostokda geçirilen IX Gündogar ykdysady maslahatynyň işine, 5-8-nji iýun aralygynda bolsa – Peterburgyň 2024-Halkara ykdysady maslahatyna we beýleki halkara çärelerine gatnaşdylar.
Dünýä bileleşigi tarapyndan Owganystana ynsanperwer kömeginiň edilýändigine garamazdan, köpsanly ýurtlar Owganystanyň hakyky hökümeti bilen resmi diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýmaga howluganoklar. Emma owgan ykdysadyýetine kömek etmegiň ýollaryny gözläp tapmak soragy halkara gün tertibinden aýrylanok.
Sebäbi bu soragyň jogaby diňe bir owgan halkynyň ykbalyny çözmän, eýsem Merkezi Aziýanyň tutuş sebitiniň durnuklylygyny kesgitlär.
Hut şunuň bilen baglylykda Özbegistanyň Termez şäherinde ýakynda geçirilen bilermenleriň duşuşygynda birnäçe özarabaglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara tegelek stoly “Merkezi Aziýa we Owganystan: umumy geljege garaýyş” diýlip atlandyryldy.
Şol çärä sebitiň ýurtlarynyň adyndan Merkezi Aziýanyň strategik institutlarynyň we ylmy-barlag merkezleriniň bilermenleri, Germaniýanyň adyndan bolsa Hristian Albreht adyndaky Kil uniwersitetiniň hem-de iki Gaznanyň – Berghof we Konrad Adenauer adyndaky Gaznanyň hünärmenleri çykyş etdiler. Olardan soňkusy, Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar Instituty bilen bilelikde duşuşygyň guramaçylary hökmünde hem çykyş etdiler.
Merkezi Aziýanyň we günörta goňşynyň arasyndaky gatnaşyklarynda umumy garaýyşlaryny işläp düzmek maksady bilen tanymal bilermenleriň pikirlerini diňlemek zerurlygynyň ýüze çykanlygy sebäpli bu çäräniň geçirilmegi öňden meýilleşdirilmän, gysga wagtyň içinde, ýagny bir ýarym aýyň dowamynda guralandygy tegelek stoluň wajyplygyny açyp görkezdi.
Mejlisiň öňüsyrasynda Termezdäki Owganystan bilen bagly bolan, şol sanda ýerli arheologik muzeýi ýaly birnäçe desgalara barlyp görüldi. Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar Institutynyň direktorynyň ilkinji orunbasary Akramjon Nýematow bu babatda şeýle diýdi:
— Şunuň bilen, biz muzeýi diňe bir artefaktlaryň saklanylýan ýeri hökmünde tanyşdyrmak däl-de, Merkezi Aziýanyň halklarynyň owgan doganlarymyz bilen baglaşdyrýan medeni-taryhy we siwilizasiýa mirasymyzyň bardygyny hem-de onuň bizi birleşdirip, ýüze çykan meseleleri hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýda çözüp bolýandygyny görkezmek isledik.
...Soňky üç ýylyň içinde owganlar uly kynçylyklary ýeňip geçmek bilen, belli derejede üstünlikleri gazanmagy başardylar. Şeýlelikde, täze häkimiýet ýurduň ähli ilatyny diýen ýaly ýaragszylandyrdylar. Munuň we beýleki çäreleriň netijesinde terakt sanlary mese-mäli azaldy, aýratyn adamlaryň we dürli toparlaryň arasynda atyşyklaryň we partlaýyşlaryň sesi eşidilenok.
Täze häkimiýet tirýek we geroin üçin çig mal bolan tirýek tohumlaryny ösdürmekligi gadagan etdi. Bu bolsa dünýä bieleleşiginiň neşe serişdeleriniň söwdasyna garşy göreşiň netijeliligine oňyn täsir etdi. Tirýek tohumlaryny ösdürmegi we neşe serişdeleriniň önümçiligini gadagan etmegi owgan hökümeti dini sebäpler bilen düşündirdi.
BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýat işlerine garşy göreşmek baradaky Müdirliginiň ýanwar aýy boýunça maglumatlarynda Owganystanda tirýek tohumynyň ösdürilip ýetişdirilmegi 95 % azalandygyny subut edýän howadan alnan foto suratlara esaslanýan maglumatlar getirilýär.
Öňki ýyllarda tirýek tohumlary ekilen meýdanlaryň 68 % ýerinde häzirki wagtda bugdaý ösdürilýär. Munuň netijesinde ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende geçen ýyl däne ekinleri ekilen meýdançalar 160 müň ga köpeldi.
Tegelek stola gatnaşyjylar ýurduň wekili Süleýman ben Şahyň hut özünden Owganystandaky ýagdaý barada maglumat aldylar. Süleýman ben Şah Kabulda işewürlik-maslahat beriji firmasynyň ýolbaşçysy bolup, şeýle-de ol owgan hususy böleginiň isleglerini goramak boýunça Maksatnamasyna ýolbaşçylyk edýär.
Süleýman ben Şah öz wagtynda Senagat we söwda ministrliginde dürli toparlaryň işine ýolbaşçylyk edip, olar ýurt üçin maýa goýumlaryň çekilmegi hem-de daşarky bazarlarda owgan harytlarynyň ösdürilmegi bilen meşgullanýardylar. Täze häkimiýetiň gelmezinden öň ol ministriň orunbasary wezipesini eýeläp, Owganystanyň Bütindünýä Söwda guramasyna goşulyşmak meseleleri boýunça topara başlyklyk edýärdi.
Ol häzirki wagtda hem öňki häkimiýet bilen işleşip, ýöne harby jenaýatlara baş goşmadyk adamlary yzarlamazlyk barada söz beren täze häkimiýet bilen işjeň iş alyp barýar. We olar öz sözünde durdylar.
Meýletin esasda Süleýman ben Şah Aseel elektron söwda boýunça owgan başlangyçlarynyň geňeşçisi wezipesini ýerine ýetirýär. Bu meýdança bäş ýyl mundan ozal haryt we hyzmat üçin degişli transakziýalary amala aşyryp, halkara bazarlarynda owgan hünärmentçileriň öz harytlaryny öňe çykarmak maksady bilen döredildi.
Häkimiýet çalyşandan soňra, Owganystanyň bank ulgamy dargady, emma hut şu meýdançanyň tagallasy bilen täze maliýe halkalar we harydyň üpjün edijiden gutarnykly müşderä çenli bolan hereketler döredildi. Şeýle-de Aseel öz ykjam gollanmasy arkaly watanynyň daşynda ýaşaýan owganlara ýurtda galan garyndaşlaryna we dost-ýarlaryna goldaw bermäge şert döretdi.
...Tegelek stoluň dowamynda açyk gepleşik alnyp baryldy, dürli garaýyşlar diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Muňa bolsa duşuşygyň başynda birinji bölümçäniň moderatory Akramjon Nýematowyň ýola goýan ýörelgesi ýardam etdi:
— Umumy garaýyşda bolmak biz üçin zerurdyr. Pikirler gabat gelmän biler. Emma maksatlarymyz bir diýip ynanýaryn. Umuman, biz sebitde şeýle derejä ýetdik, ýagny biz razy bolman biljegimize razydyrys. Hem-de dürli çemeleşmelere eýe bolmak bilen biz gepleşik alyp barýanlygymyz möhümdir.
Ýokary tejribeli özbek diplomaty Abdusamad Haýdarow Owganystan boýunça jikme-jik derňewi hödürledi. Öz wagtynda ol daşary işler ministriniň orunbasary bolup işläp, Eýranda diplomatik wekiliýetine başlyklyk etdi, sowet döwründen başlap Owganystanda ilçihanada işläp, beýleki jogapkärçilikli wezipeleri eýeleýärdi. Häzirki wagtda Abdusamad Ahatowiç Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýasy uniwersitetiniň ýanyndaky Diplomatik akademiýasyna ýolbaşçylyk edýär.
Abdusamad Haýdarow täze häkimiýetiň gelmegi bilen Owganystanda emele gelen harby-syýasy we durmuş-ykdysady ýagdaýy dolulygyna beýan etdi.
— Owganystanyň häzirki häkimiýeti ýurduň tutuş çäginde durnuklylygy üpjün etmäge hem-de daşky dünýä bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär. Bu esasy iki faktor ýurduň wagtlaýyn hökümetiniň häzirki ugrunyň binýadynda dur.
Merkezi Aziýanyň döwletleri Owganystanda durnuklylygy, raýat urşunyň ýoklugyny görmäge we Owganystan bilen gatnaşyklarymyzy ösdürmäge hem-de bu ýurda Günorta Aziýanyň döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmekde baglaşdyryjy bölek hökmünde garamaga gyzyklanma bildirýär. We Owganystanda bolup geçýän wakalara bu iki faktoryň üsti bilen baha bermeli” – diýip, Abdusamad Ahatowiç belledi.
Emma şol bir wagtyň özünde biziň günorta goňşymyzyň duçar bolýan meseleleri (dowam edýän ykdysady we ynsanperwer çökgünligi, migrasiýa, hünärmenleriň gitmekligi we şuňa meňzeşler) diňe Owganystanyň öz güýji bilen däl-de, ikitaraplaýyn derejede çözülmeli.
Owganystanda ýagdaýyň durnuklaşdyrylmagy üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we halkara bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy diplomatik, ykdysady we ynsanperwer çärelerini öz içine alýan köptapgyrly çemeleşmäni talap edýär.
Şonuň üçin halkara bileleşik Owganystany öz meseleleri bilen ýekelikde goýmaly däl. Sebäbi bu meseleler diňe Owganystanyň ösüşine däl, eýsem onuň ýakyn goňşularynyň, ilki bilen – Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň ösüşine böwet bolup durýar.
Iň amatly ýol – Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy (onuň çäginde ŞHG-Owganystan Hyzmatdaşlyk topary döredildi) ýaly sebit meýdançalaryny ulanmak bilen gatnaşyklarymyzyň ýola goýulmagydyr.
Merkezi Aziýanyň Döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary ýaly görnüşdäki syýasy hyzmatdaşlyklarda ägirt uly mümkinçililkler bar. Bu Konsultatiw duşuşyklar dialog üçin netijeli meýdança bolup, Owganystanda ýagdaýyň durnuklaşdyrylmagynda hem-de sebit hopwsuzlygynyň we hyzmatdaşlygynyň berkidilmeginde esasy orun eýeleýär.
Bu duşuşyklaryň näçe gurluşly we yzygiderli bolsa, halkara arenda, şol sanda Owganystan bilen baglanyşykly meselelerde Merkezi Aziýanyň sesi has güýçli ýaňlanar.
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynyň Strategik barlaglar merkeziniň direktory Şiri Şiriýewiň giňişleýin çykyşy Owganystanyň howpsuzlyk we ykdysady ösüş meselelerine bagyşlanyldy.
Sebit howpsuzlygynyň özboluşly çagyryşy bolan Merkezi Aziýanyň Döwlet Baştutanlarynyň 6-njy konsultatiw duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan beýan edilen başlangyjy onuň nutugyna giriş hökmünde boldy.
“Türkmenistan daşary syýasat edaralarynyň täze wehimlere, sebitde durnuksyzlyga garşy durmak, maglumat giňişligini goramak, radikal, ekstremistik elementleriň sebite aralaşmak synanyşyklarynyň öňüni almak we aradan aýyrmak meselelerinde utgaşdyrylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamak boýunça alyp barýan işleriniň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär. Biziň serhet, migrasiýa, gümrük we ýörite gulluklarymyzyň ýakyndan hem-de sazlaşykly işlemekleri üçin şertleriň döredilmegini wajyp hasaplaýarys.”
Türkmen bilermeni Döwlet Baştutanynyň sözlerine esaslanyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öňünde duran möhüm çagyryşlary beýan etdi we olary ýeňip geçmek boýunça anyk teklipleri etdi.
Howpsuzlyk meselesi onuň nutugynyň esasy üns merkezinde boldy. Bu mowzugyň çäginde Şiri Şiriýew häzirki zaman hakykatlary sebitiň ýurtlarynda maglumat hopwsuzlygy ýaly täze howplara garşy göreşmekde tagallalaryň birleşdirilmegini talap edýändigini hem-de kiberhowplar we galp maglumatlar häzirki zaman dünýäsinde has uly howplara öwrülýändiklerini aýratyn belläp geçdi.
Bular bilen bir hatarda dünýäniň köp ýurtlaryna mahsus bolan meseleler hem bar – transmilli guramaçylykly jenaýatlar, ekstremizm we terrorizm. Eger-de öňüni alyş çärelerini geçirip, olara wagtynda üns berilmese, wagtyň geçmegi bilen bu meseleler sebitiň durnuklylygy üçin howply meselelere çenli ulalyp gitmekleri mümkin.
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynyň Strategik barlaglar merkeziniň ýolbaşçysy öz nutugynda esasy ünsi suw meselelerine çekip, Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdeleriniň maksada laýyk ulanylmazlygy düýpli ekologiýa we durmuş meselelerine eltip biljekdigine aýratyn üns çekdi. Owganystanda iri suw desgalaryň gurulmagy bolsa bu meseleleri has-da ýitileşdirer.
Suw meselelerini çözmek üçin Şiri Şiriýew halkara hukuk binýadyny döwrepalaşdyrmagy hem-de üýtgän şertleri hasaba almak bilen suw serişdelerini ulanmak boýunça bar bolan ylalaşyklary täzelemegi teklip etdi.
Şeýle-de çykyş edýäniň pikirine görä, Merkezi Aziýanyň döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň çäginde hyzmatdaşlygy güýçlendirmek hem-de Owganystan bilen suw serişdeleriniň bilelikde rejeli ulanmak bilen bagly meseleler boýunça dialogy alyp barmak möhümdir.
Nutugyň esasy ugry sebitiň döwletleriniň Owganystan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi we putalandyrylmagy boldy.
Nutuk Merkezi Aziýa ýurtlary üçin möhüm gün tertibi açyp görkezdi. Awtor sebit howpsuzlygy bu Merkezi Aziýanyň döwletleriniň ählisi üçin umumy jogapkärçilik bolandygyny düşündirdi. Onuň üpjün edilmegi üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň tagallalaryny birleşdirip, bielikdäki durnukly ösüşiň umumy strategiýany işläp düzmeli.
...Halkara tegelek stola gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşan wagtlary Türkmenistan owgan halkynyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin anyk işleri geçirdi. Bu bolsa sebitiň, Germaniýanyň we Owganystanyň bilermenleriň arasynda beýan edilen nutugymyzyň esasy bölegi boldy.
Şeýlelik bilen, şol şanly senede Türkmenistan aşakdaky göwrümli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine badalga berdi:
-
Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga bermek. Türkmen Serhetabadyndan owgan Hyrata çenli gaz geçirijiniň gurluşyk işleri başlandy, bu bolsa sebitiň iň iri energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm tapgyr boldy.
-
Şatlyk-1 gaz gysyjy desgasynyň gurluşygy. Täze gaz gysyjy desgasynyň düýbi tutuldy. Bu desga Türkmenistanyň gaz geçiriş ulgamynyň esasy düzüm bölegi bolup, bar bolan we ileri tutulýan gaz geçiriji ugurlar boýunça durnukly gaz geçirişleri üpjün eder.
-
Şol günüň özünde Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda süýüm optik ugrunyň çekilmegi başlandy. Bu elbetde Owganystanda maglumat aragatnaşygyň we elýeterliligiň hilini gowulandyrar.
-
Serhetabat-Turgundi 177 metrlik demirýol köprüsiniň açylmagy. Türkmenistanyň we Owganystanyň polat ýollaryny birleşdiren demirýol köprüsi işe girizildi. Bu bolsa diňe iki dostlukly ýurt arasynda däl, eýsem Merkezi Aziýa sebitiniň we Owganystanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerini has-da giňelder.
-
Ýene bir desga – Turgundi-Sanabar demirýolunyň gurulmagy. Geljekde ýokarda görkezilen köprini Hyrat şäheri bilen birleşdirjek Owganystanda demirýolunyň birinji böleginiň gurluşygy başlandy.
-
Hyrat welaýatynda elektrik bekediň işe girizilmegi. Nur-elJahad elektrik bekedi işe girizilip, Owganystanyň demirgazyk-günbatar zolagyna türkmen elektrik energiýasynyň geçirilişini ýokarlandyrmaga hem-de ilaty elektrik taýdan üpjün etmegi gowulandyrmaga şert döretdi.
-
Turgundi “gury portda” ammar toplumynyň gurluşygy. Sebitde möhüm logistika merkezine öwrüljek iri ammar toplumynyň gurluşygy başlandy.
Bu desgalaryň işe girizilmegi mynasybetli dabaraly çärelere Türkmenistanyň we Owganystanyň iň ýokary ýolbaşçylary – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň (Halk Geňeşi) Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, ýurduň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund gatnaşdylar.
Bu iri desgalar Türkmenisatnyň Owganystan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de onuň durmu-ykdysady ösüşine ýardam etmegine bolan ygrarlylygyny açyp görkezýär.
...Dürli çemeleşmelere garamazdan, tegelek stola gatnaşyjylar sebit howpsuzlygynyň özarabaglanyşygy meselesi babatdaky pikirde bir ara gelip, Owganystanyň durnuklylygy Merkezi Aziýanyň howpsuzlygyna we gülläp ösüşine gönüden-göni täsir edýändigini belledi.
Emma, biziň pikirimizçe, bu ýüzlenmäniň özi däl-de, onuň häsiýeti möhüm bolup durýar: Owganystana abanýan howplar çeşmesi hökmünde garaman, eýsem howpsuzlygyň sebit ulgamynyň möhüm elementi hökmünde seredilmeli.
Bilermenler Owganystanda ykdysady özgertmeleriň tizleşdirmegiň wajyplylygy barada bellediler. Inmfrastrukturaň ösdürilmegi, adam maýasyna maýa goýumlar – durnukly ösüşi gazanmakda möhüm faktorlar bolup durýar.
Owganystanyň sebit düzümlerine ykdysady goşulyşmagy onuň uzakmöhletleýin durnuklylygyny üpjün etmegiň has netijeli ýolydygy barada aýratyn bellenildi. Ulag geçelgeleriniň, söwda gatnaşyklarynyň we energetika taslamalarynyň ösdürilmegi ykdysady ösüş üçin täze şertleri döredip, daşky kömege bolan baglylygy peseltmäge mümkinçilik berer.
Tegelek stola gatnaşyjylar Owganystanyň ösdürilmegi meýilleşdirilende ekologiýa faktorlaryny hasaba almak zerurdygyna ähmiýet berdiler. Suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, ýer topragyň zaýalanmagyna garşy göreşmek hem-de howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak sebitiň uzakmöhletleýin durnuklylygy we gülläp ösmegi üçin möhüm şertler bolmagynda galýar.
Tegelek stoluň bilermenleri Owganystana hemmetaraplaýyn ýardam etmekde halkara bileleşiginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň möhümdigini bellediler. Dürli ugurlarda taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde hem maliýe serişdeler, hem-de tehniki kömek zerur bolup durýar.
Aýdylanlary jemlemek: “Merkezi Aziýa we Owganystan: umumy geljege garaýyş” atly halkara tegelek stoly Owganystanyň meseleleriniň çözülmeginde hem-de sebit hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynda bilermenler bileleşiginiň gyzyklanmasyny açyp görkezdi;
Owganystanda häkimiýetiň çalyşmagy täze çagyryşlary döredip, sebit hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri açyp berýär. Merkezi Aziýa Owganystan bilen bilelikde sebitde howpsuzlygyň täze arhitekturasyny we hyzmatdaşlygy kemala getirmekde işjeň gatnaşmalydyr;
Uzakmöhletleýin netijeleri gazanmak üçin syýasy, ykdysady, durmuş we ynsanperwer taraplary öz içine alýan toplumlaýyn çemeleşmäni ulanmak zerurdyr;
Sebit başlangyçlary Owganystana kömek etmek boýunça tagallalaryň ytgaşdyrylmagy üçin netijeli meýdança bolup biler. Emma maksatlaryň we wezipeleriň köpdürliliginde dostlukly owgan halkynyň islegleri ileri tutulmalydyr;
Çärede işlenilip düzülen maslahatlar Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň arasynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk strategiýasyny taýýarlamakda esas bolup biler.
...Makalanyň adynda “durnuklylygyň we umumy gülläp ösüşiň altyn açaryny nireden gözlemeli?” diýen soragyň gysga we manyly jogabyny bolsa Akramjon Nýematowyň özi berdi:
“Parahatçylykly we halkara bileleşigine goşulyşan Owganystan – sebitiň umumy geljeginiň, durnukly we berk sebitara ösüşiň açarydyr”.
Post Skriptum: Şol günlerde Daşkentde “Merkezi Aziýa üçin kontrterrorizm boýunça irki habar beriş ulgamynyň” 4-nji sebitleýin maslahaty geçirilip, onda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynyň Strategik barlaglar merkeziniň wekili O.Annabaýew gatnaşdy.
Ýakyn wagtda ýerine ýetirilmeli işleriň arasynda – bu Merkeziň hünärmenleriniň Daşkentde geçiriljek GDA agza-ýurtlarynyň derňew edaralarynyň “Uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk üçin täze gün tertibi” maslahatyna hem-de Bişkekde Türki döwletleriň guramasynyň Döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda geçiriljek Türki döwletleriniň guramasyna gatnaşyjy we gözegçi ýurtlarynyň barlag merkezleriniň 10-njy mejlisine gatnaşmaklyk.
Bekdurdy AMANSARYÝEW