Iň täze habarlar

TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa, ýeňil senagat önümleri hem-de gurluşyk serişdeleri uly islegden peýdalandy

13.06.2024 | 10:30 |
 TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa, ýeňil senagat önümleri hem-de gurluşyk serişdeleri uly islegden peýdalandy

Sişenbe güni, 11-nji iýunda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa we ýeňil senagat önümleri, şeýle hem gurluşyk serişdeleri uly islegden peýdalandy.

Birleşen Arap Emirliklerinden telekeçiler nah ýüplügini satyn almak boýunça türkmen kompaniýasy bilen geleşik baglaşdylar.

Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «PS 400-G20-K» kysymly portland sementi satyn almak barada Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen geleşik baglaşdylar.

Türkmen işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP D 30 S» kysymly polipropileni we garyşyk parafin gaçy satyn aldylar.

Şeýle hem olar «Türkmenhaly» döwlet birleşiginden türkmen el halylaryny, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden düz (float) aýna satyn aldylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 19 958 115,19 manatlyk we 1 093 200 dollarlyk 9 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: