Türkmen mugallymlary AELLCA halkara taslamasynyň çäklerinde hünär taýýarlygyny ýokarlandyrdylar
03.07.2025 | 14:15 |2025-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň on dört mugallymy iňlis dilini okatmagyň öňdebaryjy usulyýeti boýunça çaltlaşdyrylan onlaýn-okuwlaryny üstünlikli tamamladylar. Bu başlangyç Britan Geňeşiniň we Nottingem Trent Uniwersitetiniň hyzmatdaşlygy netijesinde durmuşa geçirilýän “Merkezi Aziýada iňlis diliniň intensiw okadylmagy” (AELLCA) gerimli taslamasynyň bir bölegi boldy.
Okuwlar mugallymlaryň häzirki zaman bilim çemeleşmelerinde bilim derejesini çuňlaşdyrmak üçin işläp taýýarlandy hem-de britan uniwersitetiniň tanymal hünärmenleri Stiw Şarpyň we doktor Sem Barkliniň ýolbaşçylygynda geçirildi. Maksatnamanyň esasy maksady diňe bir nazary bilimleri täzelemek däl-de, eýsem okuw prosesinde innowasion usullaryň amaly ulanyşyndan ybarat boldy.
Okuwlaryň ahyrynda gatnaşyjylar Kembrijiň synag merkeziniň halkara TKT synagyny (Teaching Knowledge Test) üstünlikli tabşyrdylar. Synagyň soňunda ähli mugallymlara olaryň ýokary hünär taýýarlygyny tassyklaýan kembrij nusgasyndaky resmi şahadatnamalar gowşuryldy.
TKT modul synaglaryndan ybarat bolan bütin dünýäde ykrar edilen şahadatnama hasaplanylýar. TKT synaglary iňlis dilini ökatmagyň dürli ugurlary boýunça çuňlaşdyrylan bilimleri bahalandyrýar. Bu gazanylan üstünlik türkmen hünärmenleriniň hünär ösüşine we halkara ykrarnamasyna bolan islegini açyp görkezýär.
ORIENT