Türkmenistan Aktau şäherinde geçirilen «Türki dünýäsinde zenan we moda» atly festiwalyna gatnaşdy
03.07.2025 | 17:38 |28–29-njy iýuny aralygynda Aktau şäherinde TÜRKSOÝ tarapyndan guralan «Türki dünýäsinde zenan we moda: amaly-haşam sungaty» atly VIII Halkara festiwaly geçirildi. Bu çärä türki dünýäsiniň 13-den gowrak ýurdunyň dizaýnerleri, sungat ussatlary we suratkeşleri gatnaşdylar.
Türkmenistana bu halkara foruma Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Mähirli zenan» modalar öýi wekilçilik etdi. Bu topar milli modanyň özboluşlylygyny beýan edýän kolleksiýalary görkezdi. Çärä gatnaşmaklyk ýurdumyz üçin baý medeni däp-dessurlarymyzy hem-de döredijilik mümkinçiliklerimizi dünýä tanatmakda ajaýyp mümkinçilik boldy. Türkmen milli äheñi häzirki zaman egin-eşik we sungat tendensiýalary bilen sazlaşykly utgaşýar.
Dabarada görkezilen kolleksiýalar nepis milli nagyşlary, el işi bezegleri we keteni hem-de tara ýaly gadymy dokma matalaryň ulanylmagy bilen tapawutlandy. Bu aýratynlyklar halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyna bolan baglanyşygy aýratyn açyp görkezýär.
Festiwalyň maksatnamasyna sergiler, ussatlyk sapaklary, sungat we el hünärleri ýarmarkalary hem-de moda görkezilişleri girizildi. Festiwalyň esasy bölegi bolan gala-dafilede etnik nagyşlar häzirki zaman biçüwleri bilen sazlaşykly utgaşdy. TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Sultan Raýew, zenanyň Türki dünýäsiniň medeni mazmunynyň özenidigini belläp geçdi. Onuň aýdyşy ýaly, her bir nagyş taryhy hakydasynyñ hem-de milletleriň özboluşlylygynyň beýanydyr.
Türkmen wekiliýetiniň şeýle halkara forumlara gatnaşmagy medeni gatnaşyklary giňeltmäge we ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň dünýä derejesinde ösdürilmegine ýardam berýär.
ORIENT