Iň täze habarlar

Nothing kompaniýasy Nothing Phone 3 atly täze smartfonyny hödürledi

03.07.2025 | 13:36 |
 Nothing kompaniýasy Nothing Phone 3 atly täze smartfonyny hödürledi

Nothing kompaniýasy Nothing Phone 3 atly täze flagman smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Bu enjam 12 GB operatiw ýat we 256 GB içerki fleş ýat bilen başlangyç nyrhda — $800 baha bilen hödürlenýär.

Nothing Phone 3 modeliniñ esasy täzeçiligi onuň dizaýnynyň üýtgedilmegidir. Smartfon 6,67 dýuým ölçegli AMOLED ekran bilen enjamlaşdyrylan. Ekranyň durulygy FHD+, täzelenme ýygylygy 120 Hz, iň ýokary ýagtylygy bolsa 4500 nit ýetýär. Şeýle hem bu displeý göz üçin amatly bolan 2160 Hz PWM ýagtylyk sazlaýyş tehnologiýasyny goldaýar. Öň tarapdaky kamera 50 MP durulyga eýe. Smartfonyň arka tarapynyñ ýokarky sag burçynda ýerleşýän täsin Glyph Matrix bar — bu 489 sany doidlardan düzülýän monohrom yşyklandyryjy ekrandyr. Ol habarnamalary, jaňlary we şahsy animasiýalary görkezmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa enjama aýratyn özboluşlylyk berýär.

1

Nothing Phone 3-de üç sany güýçli 50 MP kamera ýerleşdirilen: esasy kamera — 1/1,3 dýuým datçik bilen, 3 esse optiki zumly periskop teleobyektiw hem-de 114° görüş burçly ultra giň obyektiw.

Enjamyň ýüregi hökmünde Qualcomm Snapdragon 8s Gen4 prosessory saýlanypdyr. Smartfon 16 GB çenli operatiw ýat we 512 GB çenli içerki ýat bilen gelýär. Şeýle hem, ol 5150 mA·s akkumulýator bilen enjamlaşdyrylyp, 65 Wt tiz simli we 15 Wt simsiz zarýad üpjün edýär. Nothing Phone 3 IP68 derejesindäki gorag bilen üpjün edilendir. Ol Android 15 esasynda işlenip düzülen Nothing OS 3.5 ulgamynda işleýär. Ulanyjylar 5 ýyl Android täzelenmeleri we 7 ýyl howpsuzlyk täzelenmeleri bilen üpjün ediler, bu bolsa uzak möhletli goldawy berer.

ORIENT

Foto: Nothing

Şeýle hem okaň: