Samsung: Exynos ilkinji gezek ABŞ üçin eplenilýän Galaxy Flip smartfonlarynda
02.07.2025 | 12:50 |Samsung 9-njy iýulda geçiriljek uly Galaxy Unpacked çäresine taýýarlyk görýär. Şu ýyl kompaniýanyň strategiýasynda möhüm üýtgeşmä garaşylýar: Samsung özüniň täze eplenilýän smartfonlarynyň ikisinde — Galaxy Z Flip7 we Galaxy Z Flip7 FE modellerinde öz öndürýän Exynos çipsetlerini ulanmagy meýilleşdirýär. Bu örän möhüm amerikan bazary üçin niýetlenen modelleri hem öz içine alýar.
Bu derwaýys strategik ädim bolup durýar: Flip7 we Flip7 FE modelleri Exynos prosessorly ilkinji eplenilýän Galaxy enjamlary bolup, şeýle hem ABŞ-da Samsung-yň öz prosessorlary bilen işleýän seýrek flagmanlarynyň hataryna girer.
Galaxy Z Flip7 täze nesil 3-nm Exynos 2500 prosessor bilen, elýeterli Flip7 FE modeli bolsa, Exynos 2400 bilen üpjün ediljegine garaşylýar (berilýän maglumatlara görä, bu çip Galaxy S24 FE modelinde hem peýda bolar). Şol bir wagtda, flagman model bolan Galaxy Z Fold7 Snapdragon prosessorlaryny ulanmagy dowam eder (belki, Snapdragon 8 Elite), bu bolsa oňa iň ýokary öndürijiligi üpjün eder.
Exynos 2500-iñ ilkinji synaglary has ýokary öndürijiligi görkezýärler. Şeýle hem, Flip7-niň ekranynyň ulaldylmagyna garaşylýar: 4 dýuýmlyk daşarky ekran we 6,85 dýuýmlyk eplenilýän displeý. Samsung eýýäm resmi sahypasynda öňünden sargytlary açdy we müşderiler üçin aşakdaky ýaly mümkinçilikleri hödürleýär: $1150 çenli trade-in üçin arzanladyş we $50 çenli öňünden hasaba durmak üçin karz.
Samsung-yň ABŞ üçin eplenilýän modellerinde Exynos ulanmak karary — çykdajylary azaltmak we öz çip tehnologiýalaryna bolan ynamy görkezmek üçin batyrgaý strategiýa bolup durýar.
ORIENT