Iň täze habarlar

Özbegistanyň milli emeli aň modeli dörediler

02.07.2025 | 14:55 |
 Özbegistanyň milli emeli aň modeli dörediler

Özbegistanda ilkinji milli emeli aň modeli işläp taýýarlanylýar. Ulgam häzirki zaman tehnologiýalaryň esasynda düzüler, emma şol bir wagtyň özünde ýurduň medeniýetini, gymmatlyklaryny we taryhy mirasyny şöhlenendirer. Özbegistanyň milli emeli aňy, esasan hem, ýaşlaryň arasynda täze pikirleriň we döredijeligiň platformasy bolar.

Şol bir wagtda ýurtda emeli aň babatda 100 sany taslama durmuşa geçiriler. Maliýe, lukmançylyk, oba hojalygy we energetika ýaly ugurlara aýratyn ähmiýet beriler.

Mundan başga-da, BAE bilen bilelikde “Million emeli aň liderleri” atly taslama öz işine başlar. Eýýäm şu ýylda ýaş özbegistanlylaryň, iň azyndan, ýüzlerçesi AI Study platformasy arkaly emeli aň tehnologiýalaryny öwrenip ugrarlar.

Taslama Özbegistanyň sanly ösüşini çaltlandyrmaga hem-de ýokary tehnologiýa babatda hünärmenleriň täze neslini taýýarlamaga gönükdirilendir diýip, podrobno.uz habar berýär.

Foto: podrobno.uz

Şeýle hem okaň: