Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze ilçisini kabul etdi
01.07.2025 | 06:50 |30-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legariden ynanç hatyny kabul etdi.
Ilçi Legari Pakistanyň ýolbaşçylygyndan iberilen mähirli salamy we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilige esaslanýan syýasatyna ýokary baha berilýändigini aýtdy. Prezident Berdimuhamedow iki ýurdy we halklary diňe bir dost-doganlyk gatnaşyklarynyň däl, eýsem, ruhy, medeni, taryhy gymmatlyklaryň hem baglanyşdyrýandygyny belledi.
Duşuşykda aýratyn nygtalyşy ýaly, Pakistan Türkmenistanyň Günorta Aziýa sebitinde iň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim, medeni-ynsanperwer ugurlarda üstünlikli ösdürilýär.
Türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň gün tertibinde söwda-ykdysady, energetika ugurly hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. Olaryň arasynda – Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, elektrik geçirijisiniň taslamalaryny bar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bu taslamalaryň geljekde tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine ýardam berjekdigini nygtady. Döwlet Baştutany täze bellenen ilçiniňe iki ýurduň tagallalaryny utgaşdyrmak arkaly bu iri taslamalary amala aşyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar bilim, ylym we saglygy goraýyş ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy bilen birlikde medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň aýratyn ähmiýetini tassykladylar. Bu bolsa, öz gezeginde, ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara meýdançalarynda yzygiderli ösdürmäge berk binýat bolup hyzmat edýär.
ORIENT