2025-nji ýylda ýapon dili boýunça bilim derejesini kesgitlemek üçin synagyň (JLPT) geçirilýän seneleri belli boldy
03.07.2025 | 09:30 |2025-nji ýylda ýapon dili boýunça bilim derejesini kesgitlemek üçin synag (JLPT) 6-njy iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda geçiriler.
Resmi maglumatlara laýyklykda, N1-N3 derejesi boýunça synagyň geçirilmegi sagat 09:00-a, N4-N5 derejeleri boýunça bolsa – 14:00-a meýilleşdirildi. Gatnaşyjylara synagyň geçirilýän ýerine wagtynda gelmegi maslahat berilýär.
Düzgün bozulmalaryň öňüni almak üçin synag otaglarynda ykjam telefonlar, akylly sagatlar we beýleki elektron enjamlar gadagan edilýär. Olary hasaba alnan wagty otagyň daşynda goýmak zerurdyr.
JLPT synagy 1984-nji ýyldan bäri geçirilýär hem-de ýapon dili daşary ýurt dili hökmünde bilim derejesini kesgitlemek boýunça iň abraýly halkara synaglarynyň biri hasaplanylýar. Ýapon gaznasy we Ýaponiýanyň Halkara bilim birleşigi tarapyndan işläp taýýarlanylan bu synag bütin dünýäniň onlarça ýurtlarynda ýylda iki gezek geçirilýär.
ORIENT