Microsoft emeli aň tehnologiýasyna çekilýän maýa goýumlar bilen baglylykda 9 müň işgärini işden boşadýar
03.07.2025 | 18:15 |Microsoft kompaniýasy takmynan 9 müň işgäriniň işden boşadyljakdygyny habar berdi, bu bolsa kompaniýanyň jemi işgärleriniň 4%-den az bölegine deñdir. Bu soňky iki ýylyñ dowamynda iň uly işden boşatmadyr. Bu ädim kompaniýanyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we strategik ugurlara, esasanam emeli aňyň ösüşine, ünsi jemlemäge gönükdirilendir.
Işden boşatmalar 2-nji iýul, çarşenbe güni başlandy we bu ýagdaý Xbox oýun bölüminiň, şeýle hem dünýäniň dürli künjeklerindäki beýleki bölümleriň işgärlerine, şol sanda satuw bölümlerine hem täsir etdi. Hususan-da, işden boşadyljaklaryň 830-nyñ Microsoft-yň Waşington ştatyndaky Redmond şäherindäki baş edarasy bilen baglanyşyklydygy habar berildi. Xbox-yň baş direktory Fil Spenser bu çäreleriň maksadynyň oýun işewürliginiñ "uzak möhletli üstünlik" gazanmagyny üpjün etmek hem-de dolandyryş derejelerini azaldyp, operatiwligi ýokarlandyrmak bolup durýandygyny aýtdy.
2024-nji ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, Microsoft-da 228 müň töweregi doly iş wagtynda işleýän işgär bardy. Häzirki meýilleşdirilen işden boşatmalar şol sanlaryň 4%-den hem az bölegini tutýar. Bu ýagdaý ilkinji gezek bolup geçýän zat däl: 2025-nji ýylyň maý aýynda kompaniýa eýýäm 6 müň işgärini işden boşadypdy. Mundan başga-da, Redmond we Pýujet-Sound sebitinde hem işden boşatmalar bolup geçdi.
Bu çärelere Microsoft-yň emeli aň infrastrukturasyna, şol sanda maglumat işleýiş merkezlerine we ýöriteleşdirilen kompýuter çiplerine gönükdirýän uly maýa goýumlarynyň dowam edýän döwründe başlanyldy. Häzirki maliýe ýylynda bu ugurda takmynan 80 milliard ABŞ dollary möçberinde çykdajy bolmagyna garaşylýar.
Derñew geçirijileriñ pikirleri we Xbox-a täsiri
Derñewçi Dan Aýwzyň bellemegine görä, soňky işden boşatmalar esasan ösüşi haýallyk bilen dowam edýän işewürlik ugurlaryna täsir etdi. Bu bolsa Microsoft-yñ häzirki wagtda emeli aň tehnologiýalaryna, bulut tehnologiýalaryna we «Microsoft-yň indiki nesline» ünsi jemleýändigi bilen baglanyşyklydyr.
Şeýle-de, Xbox oýun bölüminiň işgärleriniň işden boşadylmagy Activision Blizzard (75,4 mlrd dollar) we ZeniMax Media (7,5 mlrd dollar) ýaly iri kompaniýalaryň satyn alynmagyndan soň bolup geçdi.
Emeli aňyň iş orunlaryna edýän täsiri bilen baglanyşykly soraglar ýüze çykýar, esasanam inžener-programmistleriň işden boşadylmagy bilen baglylykda. Sebäbi Microsoft-yň özüni AI bilen işleýän kod ýazýan programma üpjünçiligi bu hünärmenlere bolan zerurlygy azaldyp biler. Microsoft-yň baş direktory Satýa Nadella öňki çykyşlarynda "käbir taslamalaryň 20–30% kodynyň eýýäm AI tarapyndan ýazylandygyny" belläpdi.
ORIENT