Türkmen türgenleri Mongoliýada geçiriljek VII Mas-restling boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşar
03.07.2025 | 17:45 |30-njy iýuldan 3-nji awgusta çenli türkmen türgenleri erkekleriñ we zenanlaryñ arasynda geçiriljek VII Mas-restling boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşarlar. Bu ýaryşlar Mongoliýanyň Arhangaý aýmagyndaky ARA sport toplumynda geçiriler we dünýäniň 43 ýurdundan türgenleri jemlär.
Çempionata gatnaşýan ýurtlarynyň arasynda Türkmenistan bilen bir hatarda Azerbaýjandan, Owganystandan, Braziliýadan, Müsürden, Gazagystandan, Gyrgyzstandan, Russiýadan, ABŞ-den, Özbegistandan, şeýle hem Angoladan, Bangladeşden, Beninden, Ganadan, Zambiýadan, Iordaniýadan, Eýrandan, Kamerundan, Kanadadan, Kongodan, Kot-d’Iwuardan, Nigeriýadan, Pakistandan, Polşadan, Siriýadan, Slowakiýadan, Somaliden, Täjigistandan, Çehiýadan we beýleki ýurtlardan türgenler bar. Türkmenistanyň gatnaşmagy ýurduň mas-restlinge bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny we halkara sport gatnaşyklaryny ösdürmäge çalyşýandygyny görkezýär.
Bu halkara sport çäresi Halkara Mas-restling federasiýasy, Mongoliýanyň Mas-restling federasiýasy we Arhangaý aýmagynyñ ýerli häkimiýetleri tarapyndan bilelikde gurnalýar. Mas-restling sporty Mongoliýada giňden ösdürilýär.
Bu çempionat diňe bir dünýäniň iň güýçli mas-restlerlerini kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem Mongoliýanyň baý medeniýetini görkezmäge hem mümkinçilik döreder. Türkmenistan üçin bu halkara ýaryşda çykyş etmek – türkmen türgenleriniñ sport ussatlygyny dünýä derejesinde görkezmek üçin möhüm pursat bolup durýar.
ORIENT