Iň täze habarlar

2023-nji ýylda Türkmenistandan 100 müňden gowrak syýahatçy Özbegistana baryp gördi

24.02.2024 | 22:06 |
 2023-nji ýylda Türkmenistandan 100 müňden gowrak syýahatçy Özbegistana baryp gördi

2023-nji ýylyň bütin dowamynda Türkmenistandan Özbegistanyň gözel ýerlerine syýahat eden jahankeşdeleriň sany 100,3 müň adama barabar boldy. Bu görkeziji bilen Türkmenistan geçen ýylda Özbegistana syýahat eden jahankeşdeleriň ýurt boýunça bölünişiginde öňdäki 6-njy orny eýeledi. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Statistika komitetine salgylanyp, upl.uz neşiri habar berýär.

Habar berlişine görä, 2023-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda Özbegistana gelen syýahatçylaryň umumy sany 6,6 million adama deň boldy. Bu syýahatçylaryň sany boýunça pandemiýadan öňki derejä ýetilendigini görkezýär. 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende bu san 1,4 million adam ýa-da 26,6% artdy. Pandemiýa döwründe, ýagny 2020-nji ýylda Özbegistana bary-ýogy 1,5 million, 2021-nji ýylda hem 1,8 million syýahatçy gelipdi. 2019-njy ýylda 6,7 milliondan gowrak daşary ýurtly Özbegistana syýahat etdi.

Syýahatçylaryň esasy akymy, ýagny 90% -den gowragy GDA-nyň dört ýurduna degişlidir: Täjigistan - 2,15 million adam (ýyllyk ösüş 49,6%); Gyrgyzystan - 1,75 million adam (+ 30.1%); Gazagystan - 1,33 million adam (-14%); Russiýa - 714,3 müň adam (+ 25,8%).

Sanawda Türkmenistan Türkiýe (106,5 müň syýahatçy) bilen Hindistanyň (45,5 müň syýahatçy) arasyndaky orunda ýerleşdirildi.

Bulardan soň, Özbegistana iň köp syýahat eden adamlaryň sany boýunça Hytaý, Günorta Koreýa, Germaniýa, Italiýa, ABŞ, Fransiýa, Beýik Britaniýa, Ispaniýa, Belarus, Azerbaýjan, Ýaponiýa döwletleri gelýär.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: