Iň täze habarlar

Russiýanyň iri market zynjyry türkmen bazaryna çykmak mümkinçiliklerini öwrenýär

05.02.2024 | 11:32 |
 Russiýanyň iri market zynjyry türkmen bazaryna çykmak mümkinçiliklerini öwrenýär

Russiýanyň iri market zynjyry “Wildberries” kompaniýasy türkmen bazaryna çykmak mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Tatýana Bakalçyk aýtdy diýip, “IXBT” habar berýär. Onuň sözlerine görä, kompaniýanyň ösüşini saklamak üçin onuň satuw çägini giňeltmek zerurdyr.

Türkmenistandan başga-da, Russiýa goňşy ýurtlar, şol sanda Täjigistan bazaryna çykmak boýunça hem gepleşikler geçirilýär. Häzirki wagtda “Wildberries” öz infrastrukturasyny Azerbaýjanda ýerleşdirýär we eýýäm Russiýada, Belarusda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Ermenistanda we Özbegistanda işjeň iş alyp barýar.

Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlaryndan daşary, Pars aýlagy döwletleriniň, esasan-da BAE bazaryna çykmak boýunça hem gepleşikler geçirilýär.

“Mysal üçin, maý aýynda Ýakyn Gündogaryň wekilleri gatnaşan “Russiýa - Yslam dünýäsi” forumynda köp sanly daşary ýurtly işewürler biziň bazarlarymyza gelmegimize gyzyklanma bildirdiler. Şeýlelikde, bu ýyl BAE we Aýlag ýurtlaryna çykmagy ýakyndan öwreneris. Biz eýýäm käbir ýurtlar bilen gepleşik geçirýäris" diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy aýtdy.

ORIENT news

Foto: mertech.ru

Şeýle hem okaň: