Iň täze habarlar

Hytaý elektrik energiýasynyň ýarysyny gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden alýar

09.12.2023 | 20:53 |
 Hytaý elektrik energiýasynyň ýarysyny gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden alýar

Indi Hytaý elektrik energiýasynyň ýarysyny gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden alar.

“Ählumumy energiýa” portalynyň habar bermegine görä, Hytaýda gaýtadan dikeldilýän çeşmelerde işleýän elektrik stansiýalarynyň kuwwatlyk görkezijisi 1,4 terawattdan geçdi.

Şunda gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň iň ýaýran görnüşleri Gün panelleri we konsentratorlar. Ikinji ýerde suw elektrik stansiýalary (420 GWt) durýar, soňra ýel generatorlary (404 GWt) we biomassada işleýän generatorlar (44 GWt).

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Hytaý (190 MWt) kuwwatlykdaky stansiýalary işe girizdi. Munuň özi geçen ýylyň ilkinji on aýy bilen deňeşdirilende ep-esli artdykdyr. Geçen ýyl hem ilkinji ýerde gün panelleri durdy.

Şeýle görkezijileri gazanmaga Hytaýa serişde binýadynyň bolmagy mümkinçilik berdi. ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda dünýäde kremniý önümçiliginiň 68 göterimi, kümüşiň gazylyp alynýan möçberleriniň 14 göterimi we misiň 9 göterimi Hytaýyň paýyna düşdi. Bu materiallar Gün energetikasynda ulanylýar. Şeýle hem geçen ýylda Hytaý dünýäde litiýni (30 göterim) we grafiti (65 göterim) gazyp almakda ilkinji orunda boldy. Bu materiallar litiý-ion akkumulýatorlaryň önümçiliginde ulanylýar.

ORIENT news

Foto: 3dnews.ru

Şeýle hem okaň: