Iň täze habarlar

Niderlandlaryň ilçisi Türkmenistanda işe başlady

28.11.2023 | 00:17 |
 Niderlandlaryň ilçisi Türkmenistanda işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nikolaas Ýakob Shermersden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Niderlandlar Patyşalygynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de öz üstüne ýüklenen wezipäni ýerine ýetirmek bilen, oňyn häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegi babatda ähli tagallalary etjekdigini nygtady.

Diplomata Mejlisiň gurluşy we alyp barýan işleri, onuň ýurdumyzda amala aşyrýan giň gerimli özgertmeleriň, toplumlaýyn maksatnamalaryň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmekde eýeleýän orny barada giňişleýin maglumat berildi. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň geljekki mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Şunda Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň ikitaraplaýyn hem-de halkara guramalaryň ugry boýunça köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda soňky döwürde oňyn ösüşe eýe bolan ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky dialogyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

ORIENT news

Foto: "Altyn Asyr" teleýaýlymy

Şeýle hem okaň: