Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti täze wise-premýeri belledi

12.07.2025 | 00:50 |
 Türkmenistanyň Prezidenti täze wise-premýeri belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mämmethan Çakyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belledi. Degişli çözgüt anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edildi.

Mämmethan Çakyýew ýurduň ulag we aragatnaşyk toplumyna gözegçilik eder. Onuň bellenmegi ulag we aragatnaşyk toplumyny ösdürmek we onuň işini kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan işleriniň çäklerinde bolup geçdi. Ol işler hem Hökümet mejlisiniň dowamynda beýan edildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu ädimler ulag we aragatnaşyk toplumyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy has-da kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Mämmethan Çakyýew wezipesine 6 aý synag möhleti bilen bellenildi.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: