Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Hökümeti ulag we aragatnaşyk toplumyny düýpli özgertmek boýunça işleri alyp barýar

12.07.2025 | 01:10 |
 Türkmenistanyň Hökümeti ulag we aragatnaşyk toplumyny düýpli özgertmek boýunça işleri alyp barýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler ulag we aragatnaşyk toplumyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek boýunça çözgüt kabul etdi. 11-nji iýul, anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýatyrylýandygy barada habar berildi.

Ozal bäş pudagy birleşdiren, ýatyrylan Agentligiň ýerine aýratyn täze ministrliklar we pudaklaýyn dolandyryş edaralar döredildi:

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi

“Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, täze ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň döredilmegi ýurduň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga ýardam eder.

Bu işleriň çäginde Prezident Serdar Berdimuhamedow täze wezipäni girizdi – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary. Bu wezipä 6 aý synag möhleti bilen Mämmethan Çakyýew bellenildi.

Şeýle hem täze döredilen we üýtgedilen ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny bellemek barada Permanlara gol çekildi:

• Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri wezipesine Mämmet Akmämmedow bellenildi.

• Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri wezipesine Hajymyrat Hudaýgulyýew (6 aý synag möhleti bilen) bellenildi.

• Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministri wezipesine Begenç Annadurdyýew bellenildi.

• “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň başlygy wezipesine Döwran Saburow bellenildi.

• Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy wezipesine Azat Şanazarow bellenildi.

Bu ädimler, ýurduň ýolbaşçylyklaarynyň ulag we aragatnaşyk pudagyny has maksadalaýyk we çalt depginde ösdürmäge ygrarlydygyny görkezýär. Munuň özi bolsa kabul edilen kararlaryň netijeliligini hem-de hilini ýokarlandyryp, milli derejede we halkara ulag geçelgeleriniň çäginde öz mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga we giňeldilen ugurlaryň her birini has ünsli dolandyrmaga mümkinçilik berer.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: