Moskwada ägirt uly “M” harpy şekilli binalaryň taslamasy bilen tanyşdyryldy
14.07.2025 | 15:00 |Rubsowsko-Dworsowyý köçesiniň ugrunda täze giň möçberli gurluşyk meýilleşdirilýär. Taslamanyň soňky görnüşi heniz tassyklanmasa-da, KPLN binagärlik edarasynyň bäsleşik taslamalarynyň biri internet sahypalarynda peýda boldy.
«Недвижимость инсайды» ýaýlymynyň habar berşi ýaly, bu taslamanyň göwrümli-giňişlik çözgüdi eýýäm “Arh Moskwa” sergisinde görkezildi. Renderlere görä, ägirt uly “M” harpy görnüşindäki beýik binalaryň jikme-jik işlenilen taslamasy Elektrozawod etrabynyň täze binagärlik dominanty bolmagyna dalaş edýär. Munuň diňe beýiklige däl, eýsem görnükli wizual täsirine hem degişlidigi bellenilýär.
Binalaryň, şol bir etrapda ýerleşýän, “Kümüş öý” ady bilen tanalýan ýarym tegelek arka görnüşindäki ýaşaýyş toplumynyň ýanynda ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýär. Taslama teklip edilen görnüşde durmuşa geçirilse, ägirt uly “M” harpy uzakdan, belki-de Sadowyý halkasyndan ýa-da WDNH sergi merkezinden hem görünip bilner. Bu bolsa ony şäher keşbiniň tanalýan elementine öwürer.
ORIENT