Türkmenistanda tomus yssysynyň iň ýokary derejesine garaşylýar
14.07.2025 | 14:03 |Türkmenistanda şu hepde yssy howa saklanyp galar. Möhüm ýagynlaryň ýagmagyna garaşylmaýar, howanyň temperaturasy bolsa kem-kemden ýokarlanar diýip, meteorologlar habar berýär.
Hepdäniň başynda Russiýanyň Ýewropa böleginiň üstünde ýerleşýän antisiklonyň täsiri dowam eder. Ýöne depressiýanyň güýçlenmegi we onuň seýrekleşýän zolagynyň Türkmenistanyň hem-de goňşy sebitleriň üstünde emele gelmegi bilen, termometr görkezijileri ýene-de +40°-dan ýokara galar.
Duşenbe güni ýurduň köp ýerinde temperatura birmeňzeş bolar: +36…+41°, Hazar deňziniň kenarýaka ýakasynda birneme salkynrak — +27…+32° bolar. Esasan, demirgazyk-günbatar we demirgazyk şemallary agdyklyk edýär. Günbatar sebitlerde käbir ýerlerde gysga wagtlaýyn ýagyşlar ýagyp, ýyldyrymlar bolup biler.
Sişenbe güni howa +37…+42° çenli gyzyp biler, Aşgabatda +38…+40° bolmagyna garaşylýar.
Çarşenbe güni bolsa yssy howa güýçlener: Balkan, Ahal we Mary welaýatlarynyň käbir ýerlerinde temperatura +38…+43° çenli ýokarlanyp, käbir ýerlerde +44°-e ýetip biler. Aşgabatda +41…+43° aralygynda temperatura garaşylýar.
Penşenbe güni yssynyň iň ýokary derejesi bolar: käbir welaýatlarda +41…+46°, paýtagtda bolsa +42…+44° çenli gyzyp biler. Hepdäniň ahyrynda ýurduň günbatar künjeginde yssy howa birneme pese gaçsa-da, gündogarda we günortada tersine, +41…+46° çenli güýçlenmegi mümkin. Temperaturanyň 2–5° peselmegi diňe hepdäniň soňky günlerinde mümkin diýip garaşylýar.
Maglumatlara görä, iýul aýynyň ilkinji on günlüginde Aşgabatdaky ortaça temperatura +32,47° boldy, bu bolsa ortaça aýlyk görkeziji bilen deňeşdirilende 0,7–0,8° ýokarydyr. Muňa garamazdan, bu görkeziji howa kadalarynyň çäginde galýar diýip, Meteožurnal habar berýär.
ORIENT