Iň täze habarlar

2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul ediljek ýerleri we wagty

15.07.2025 | 16:59 |
 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul ediljek ýerleri we wagty

Ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgär ýaşlaryň resmi iş kagyzlary her orta hünär okuw mekdebiniň ýerleşýän ýerinde (öz binalarynda) kabul edilýär.

Iş wagty: 14.07.2025ý. – 18.08.2025ý. aralygynda: (şol sanda dynç alyş günleri hem) 8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.

Has takygу: mugallymçylyk, lukmançylyk, medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdepleri – 14.07.2025ý. – 27.07.2025ý. aralygynda; - galan orta hünär okuw mekdepleri – 14.07.2025 – 18.08.2025ý. aralygynda.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärleriň resmi iş kagyzlary Aşgabat we Arkadag şäherlerinde şeýle-de welaýat merkezlerinde kabul edilýär.

Giňişleýin maglumatlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz!

BELLIK

  1. Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerine Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça resmi iş kagyzlary ýokary okuw mekdepleriniň özünde (ýerleşýän ýerinde) kabul edilýär.

  2. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça resmi iş kagyzlary Akademiýanyň özünde (Arkadag şäherinde) kabul edilýär.

  3. Türkmen döwlet medeniyet institutyna, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna hem-de Maya Kulyyewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna ähli welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boyunça resmi iş kagyzlary görkezilen ýokary okuw mekdepleriniň öz binalarynda (Aşgabat şäherinde) kabul edilýär.

  4. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna Aşgabat we Arkadag şäherleri boyunça resmi iş kagyzlary Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda kabuledilýär.

  5. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça resmi iş kagyzlary Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda kabul edilýär.

  6. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine Aşgabat we Arkadag şäherleri boyunça resmi iş kagyzlary Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiyalar uniwersitetinde kabul edilýär.

7. Ahal welaýaty boyunça resmi iş kagyzlary:

- sanawdaky 1-9 aralygyndaky ÝOM-lara Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebinde kabul edilýär (salgysy: Änew şäheriniň Hazar köçesiniň 72-nji jaý), tel.: (800137) 45496;

- sanawdaky 10-19 aralygyndaky ÝOM-lara Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 1-nji orta mekdebinde kabul edilýär (salgysy: Änew şäheriniň Keýmir kör köçesiniň 1-nji jaýy), tel.: (800137) 36214.

Iş wagty: 2025-nji ýylyň 14-27-nji iýuly aralygynda (şol sanda dynç alyş günleri hem) 8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.

ORIENT

Foto: bilim.tm

Şeýle hem okaň: